Soňy görünmeýän zähmet migrasiýasy maşgalalary bozýar, ýaşlaryň ömrüni 'köýdürýär'

Soňy görünmeýän zähmet migrasiýasy maşgalalary bozýar, ýaşlaryň ömrüni 'köýdürýär'

Balkan sebitinde daşary ýurtlarda işleýän ýakynlaryny, ene-atalaryny, ogul-gyzlaryny, doganlaryny, hamala, pul tapyjy gural hökmünde ulanýan adamlar, bozulýan maşgalalar baradaky aladalar güýçlenýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme soňky wagtlarda bu hili ýagdaýlara köp şaýat bolýandygyny, toýda, märekede zähmet migrantlarynyň maşgala agzalary, aňyrda işleýän adamlaryň ykbaly barada barha kän gürrüň edilýändigini aýtdy.

“Ýaşlaryň ömri daşary ýurtlarda, Türkmenistanda galan ýakynlaryny eklemek bilen geçýär. Türkmen prezidenti bu köýen ömürler, bu ýanan ykballar hakynda haçan pikir ederkä, ýa-da daşary ýurtlardan myhman çagyryp, hepdeläp toý berip, forum geçirse bolýarmyka” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de, ol maşgalasyny, çagalaryny eklemek üçin daşary ýurda giden erkegiň kähalatda diňe öz çagalaryny däl, başga adamlary hem eklemeli bolýandygyny gürrüň berdi.

Hökümetiň döredýän emeli kynçylyklary 'öý ýykýar'Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň zähmet migrantlary üçin döredýän emeli kynçylyklary adamlaryň ençeme ýyllap maşgalasyndan aýry, uzak ýerde ýeke galmagyna sebäp bolup, ýurtda ata-babadan gelýän asylly maşgala däplerine, wepadarlyga uly zarba urýar.

“Bir ýaş maşgalanyň adamsy Ýewropada işläp, her aýda öýüne ortaça 1,5 müň çemesi ýewro ugradýar. Onuň gelni adamsynyň ugradan pulunyň ýarysyndan köpüsini öz ene-atasyna, doganlaryna berip, galanyny çagalaryna we Balkanabatda bir erkege berýär” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, adamsynyň iberýän puluny öz göwün islegine görä harçlaýan gelniň gaýynlary bu ýagdaýy bilýär, ýöne dymmaga mejbur bolýar.

Sebäbi, gaýynlary adamsyndan aýralykda ýaşaýan maşgalanyň maliýe, durmuş meselesine goşuljak bolsa, gönümel, öz islegini açyk aýdýan gelinler hem az däl.

“Çaglary bilen galan aýallaryň arasynda Men näme edeýin, ogluňyz 3 ýyl bäri daşary ýurtda, dinimiz hem 4 aýdan köp aýalyňy ýeke goýup, sapara gitme diýipdir-ä. Gelsin, meniň zerurlugymy kanagatlandyrsyn’ diýen ýaly sözleri gaýynlaryna göni aýdýan gelinler hem köpeldi” diýip, çeşme aýtdy.

'Öň özüm ýetim ulaldym, indi oglum ýetim ösýär'Anonimlik şertinde gürleşen ahally migrant aýraçylygyň maşgalalary sözüň göni manysynda bozýandygyny, çagalary ýetim goýýandygyny tassyklap, şeýle diýdi:

“Meniň özümem ýetim ulaldym, ejem bilen kakam ýaş çagakam aýrylyşdy. Indi oglum hem ýetim ulalýar. Türkiýä gaýdyp, maşgalamy ýitirdim. Bir çagaly gelnim ejem, doganlarym bilen kwartirant ýaşaýan jaýymyza sygman, ahyry aýrylyşmak kararyna geldi...”

Işsizlik, barha köp adamy ýurtdan aýyrýan zähmet migrasiýasy diňe maşgalaly adamlary däl, heniz öýlenmedik, durmuş gurmadyk ýaşlary hem kyn ýagdaýlara salýar diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar.

“Ene-atasyny, jigilerini eklemek üçin gidip, on ýyla golaý yzyna gelmän ýören oglan-gyzlar bar.Emma ogly ýa-da gyzy Türkmenistana gelip, durmuş gurmak isleýändigini aýtsa, oglum, gyzym, ýene bir, iki ýyl sabyr et, iniňi okuwa ýerleşdireli, öýümizi ulaldaly, gyz jigiňi durmuşa çykarmaly, toý etmeli’ diýen ýaly dürli bahanalar bilen saklaýan, çagasyny pikirinden dändürýän ene-atalar kän” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň öz tanaýan adamlarynyň durmuş, ýaşaýyş şertlerine salgylanyp aýtmagyna görä, daşary ýurtlarda işleýän ýaş türkmenleriň bir toparynyň şahsy durmuşy tasdan ýok’, hossarlary olara, hamala, pul gazanýan robot hökmünde garaýarlar.

'Öýlenseň, hezilini goňşular görer...'“Adamlar daşary ýurtdaky çagalarynyň ugradan puluna maşyn satyn alyp münýärler, öý, jaý satyn alýarlar, beýleki çagalaryny okuwa ýerleşdirmek, öýermek, öýli, jaýly etmek baş planda durýar.

Daşary ýurtdaky, hamala, gul ýaly, eger öýlenjek diýse, pylanam öýlenip, iş tapman, daşary ýurda gitdi, gelni erkekler bilen ýatyp-turup, gezip ýör.Sen öýlenersiň, hezilini goňşular görer.Işläber, oglum’ diýýärler.”

Çeşme her toýda, märekede daşary ýurtdaky ogullary barada soralýan aýallaryň berýän jogaplaryny, edýän gürrüňlerini eşidýändigini, olaryň köpüsiniň entek daşary ýurtda işleýän ogluny öýermek niýetiniň ýokdugyny belläp, garyplygyň adamlary haýyr işleri soňa goýamaga, günä işlere baş goşmaga itekleýändigini’ öňe sürdi.

“Türkmenistanda bal akyp duranda, hiç kim daşary ýurda gitmezdi, eneň hassa, pensiýasy dermana-da ýetmeýär, sen ýekeje daýanjymyz diýýän” diýip, 40 ýaşly ogly Türkiýede işleýän ene çeşmäniň sözlerini öz mysalynda tassyk etdi we heniz ogluny öýermek niýetiniň ýokdugyny, özi ýaly karara gelen ene-atalaryň kändigini aýtdy.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlygyň habarçylary zähmet migrasiýasynyň ýurtdaky maşgala durmuşyna, ýaşlaryň öýlenmek, durmuş gurmak meselesine ýetirýän täsirleri barada anyk maglumatlary alyp, resmiler bilen gürleşip bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Esgerligi sowanlaryň çäresizligi bilen 'içgi keseliniň' arasynda baglanyşyk bar - Çeşme
LG kompaniýasy blu-ray pleýlerleriň önümçiligini bes etdi
Ilkinji “PlayStation” peýda bolýar
Türkmenistanyň DIM-de UNDCO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit müdiri bilen duşuşyk
Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi