Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?

Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?

“BBC-niň” habar bermegine görä Mask Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen geçiren duşuşygynda X platformasy hakynda beýannama berdi.

Ähli ulanyjylaryň platforma elýeterlilik üçin aýlyk töleg tölemegini göz öňünde tutýan ulgama geçmegi nazarda tutýandyklaryny beýan eden Mask, onuň plaformadaky “bot we galp hasaplardan” dynmak üçin çözgüt boljakdygyny nygtady.

Mask “Pes derejeli nyrh ulgamyny dörederis. Ol uzaga çekjek mesele, emma meniň pikirimçe bu düzgün, platformadaky bot goşunyna garşy ýeke-tak goranyş usuly” diýdi.

Mask Netanýahu bilen geçiren duşuşygynda X platformasyndaky “antisemitizm” kontentli habarnamalar hakynda-da durup geçip, olaryň ählisine garşydygyny nygtady.

Platformada söz azatlygy bilen kontentleriň gözegçiliginiň arasyndaky deňagramlylygy saklamagyň iňňän kyndygyny kabul eden Netanýahu bolsa, Masky şol deňagramlylygy gorak saklamaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Daşary işler ministri: Biz raketalarymyzy hakyky söweşde synagdan geçirdik
BMG-niň Ýörite Habarçysy Trampyň Gazadaky atyşygy bes etmek meýilnamasyny tankytlady
Daniýa ABŞ-nyň Halkara Jenaýat Sudunyň sudýalaryna garşy sanksiýalaryna gynanç bildirdi
ABŞ Ysraýylyň F-15 uçar meýilnamasy üçin Boeing bilen 8,6 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy
Tramp: ABŞ Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltse hüjüm eder
Türkiye Somali bilen energiýa we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk eder
Eýran ABŞ-nyň soňky howplary barada HAEG-e hat iberdi