Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy

Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy

NetCredit kompaniýasynyň bilermenleri 152 ýurtda möwsümleýin sowuklamany bejertmegiň näçä durýandygynyň sanawyny düzdüler. Hasabat kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Sowuklama garşy derman serişdeleriniň nyrhy dürli ýurtlarda dürlüçedir. Ylmy-barlagyň awtorlary alty günlük sowuklama garşy derman serişdeleridir üsgülewige garşy siroplaryň dürli ýurtlardaky nyrhlaryny deňeşdirdiler.

Hasaplamalara görä, sowuklamany bejertmekde iň gymmat ýurt Kuba bolup çykdy. Kubalylar munuň üçin 31,8 dollar (2,8 müň rus rubly) sarp edýän ekenler. Iň arzan bejergi Gaýana degişli ekeni, olar bary-ýogy 0,27 dollar (24 rubl) töleýärler.

Ýewropada iň arzan bahaly dermanly ýurt bolan Beýik Britaniýa sanawda 87-nji orny eýeledi, bu ýurduň ýaşaýjylary sowuklamadan gutulmak üçin 1 müň rubl töleýän ekeni.

Hytaýda sowuklamadan gutulmak üçin alty günlük dermanlaryň bahasy 600 rubla deň, Saud Arabystanynda 400 rubldan sähel geçýär. Bu Gündogarda iň arzan görkezijileriň biridir.

Ýene degişli makalalar

Ak Gaýa dükany ýyladyjy enjamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär
Ak Gaýa Gurluşyk: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary
Stambula barýan jahankeşdeleriň sany iň ýokary derejä çykdy
Dünýäniň iň uly balyklary
Aşgabat şäheriniň golaýynda Gala medeni-dynç alyş merkezi işläp başlady
Madagaskaryň “daşdan tokaýy”