Sport bilen sagdyn biz

Sport bilen sagdyn biz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda “Sport bilen sagdyn biz” ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Çärede häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini rahat dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi şeýle-de bagtdan paýly çagalar ýaş aýratynlygyna görä birnäçe toparlara bölünip, toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň, çäreleriň yzygiderli guralmagy çagalaryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär. Şeýle ýatdan çykmajak şüweleňlere ýaş nesliň gyzyklanmasy diýseň ýokary gujurly çagalary ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda bäsleşikde tapawutlanan çagalara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Çagalar üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany
Türkmen tebigatynyň gözelligi
Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Çagalar biziň ýagty geljegimizdir
Sportsagdyn ýaşaýşa gönezlik
Akyldar şahyryň belent sarpasy
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI