Sport habarlary

Futzal boýunça zenan ýygyndylaryň arasyndaky ilkinji Ýewropa çempionatynda Ispaniýanyň milli topary ýeňiş gazandy.Olar Portugaliýada geçirilen çempionatyň finalynda ýer eýelerini 40 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Matadorlara ýeňiş getiren gollary Maýte (3:02), Anita (5:10), Romero (9:30) hem-de Sotelo (35:55) derwezä girizdi. 3-nji ýeri eýelemek ugrunda Russiýa bilen Ukraina duşuşyp, esasy wagty 22 deňlikde gutaran oýunda ruslar penaltilerden soň, bürünç medala mynasyp boldy. 10 gol geçiren ispaniýaly Wanessa Sotelo çempionatyň iň ökde hem-de netijeli oýunçysy diýlip saýlandy.

“ATP Rotterdam” tennis ýaryşynda fransiýaly Gael Monfils ýeňiş gazandy.Ol finalda şweýsariýaly Stan Wawrikany 3 setiň dowamynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde Monfils 6:3 öňe saýlandy. 2-nji setde 2015-nji ýylyň çempiony Wawrinka 6:1 üstün çykyp, hasaby deňlese-de, 3-nji setde Monfils 6:2 ýeňiş gazanmagy başardy.

Mundan 3 ýyl ozal, şu ýaryşyň finalynda slowakiýaly Martin Kližandan utulan Monfils karýerasy boýunça ATP-niň bäsleşiklerinde 8-nji ýola çempion boldy.

Arap işewürleriniň garamagyndaky “City Football Group” (CFG) şereketi Hytaýyň 3-nji ligasynda çykyş edýän “Syçuan Szýunýu” toparyny satyn aldy. 2006-njy ýylda döredilen topar duşuşyklaryny 27 müň orunlyk “Çendu Lunsýuani” stadionynda oýnaýar. Şeýlelikde, “City Football Group” şereketiniň garamagyndaky futbol klublarynyň sany 7-ä ýetdi. Şereket häzirki wagtda “Mançester Siti” (Angliýa), “Nýu Ýork Siti” (ABŞ), “Melburn Siti” (Awstraliýa), “Atletiko Torkue” (Urugwaý) hem-de “Žirona” (Ispaniýa) ýaly klublara eýeçilik edýär.

Agyr agram derejesiniň wekilleri angliýaly boksçy Entoni Joşua bilen amerikaly boksçy Jarrel Miller tutluşar.Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu duşuşygy 1-nji iýunda Nýu Ýorkdaky “Madison Skwer Garden” arenada geçiriler.

Häzirki wagtda Entoni Joşua çempionlyk guşaklarynyň 3-sini özünde saklap, ol Millerden soň, Deontaý Miller bilen hem ringe çykjakdygyny hem-de 4-nji guşagy-da aljakdygyny habar berdi.

Portugaliýaly ýarymgoragçy Luis Nani ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň klublaryndan “Orlando Siti” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. 32 ýaşly futbolçy möwsümiň 1-nji ýarymynda “Sportingde” çykyş edip, lissabonlylaryň düzüminde 18 oýunda 7 gol geçirdi. Ol karýerasy boýunça “Mançester Ýunaýted”, “Fenerbahçe”, “Walensiýa”, “Lasio” ýaly toparlarda oýnady.

NASKAR ýaryşlarynyň iň esasysy hasaplanýan “Daýtona 500”-de (Florida) “Joe Gibbs Racing” toparynyň sürüjisi Denni Hamlin ýeňiş gazandy.Ol ortaça 137,44 km/s tizlik bilen 207 aýlawy (832,835 km) 3 sagat 44 minut 55 sekuntda tamamlady. 21 ulagyň awariýa bolan ýaryşynda 2-nji ýeri ýeňijiniň topardaşy Kaýl Buş, 3-nji orny-da ýene şol topardan Erik Jons eýeledi.

Amerikanyň Beýsbol ligasynda (NBL) “Los Anjeles Dojers” bilen şertnamasy tamamlanan Menni Maçado “San Diego Padresiň” düzümine goşuldy. 26 ýaşyndaky beýsbolçy 10 ýyllyk şertnama gol çekip, topar oňa şol döwür üçin 300 million dollar hak tölär. Şeýlelikde, ol 2008-nji ýylda erkin agent ýagdaýynda 275 million dollarlyk şertnama baglaşan Aleks Rodgresiň rekordyny täzeledi.

Hytaýda geçiriljek basketbol boýunça Dünýä Kubogynyň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasyna meşhur ýyldyzlar Kobi Braýant, Ýao Min dagy gatnaşar. Bije çekiliş dabarasy 16-njy martda Hytaýyň Şençžen şäherinde guralar. Ilkinji gezek 32 ýygyndynyň gatnaşjak Dünýä Kubogy ýaryşy şu ýylyň 31-nji awgusty 15-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

Woleýbol boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň final duşuşyklary Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçiriler. Duşuşyklar 1819-njy maýda 8500 orunlyk Maks-Şmeling-Halle arenasynda oýnalar.

Beýik britaniýaly boksçy Taýson Fýuri amerikan teleýaýlymy ESPN bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, ESPN 32 ýaşyndaky boksçynyň 5 duşuşygyny ýaýlymda görkezer. Teleýaýlym şol 5 duşuşyk üçin Fýurä 80 million funt sterling tölär.

Ýene degişli makalalar

Sport habarlary
Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
Tennis täzelikleri
Sport täzelikleri
Iki tennisçi-de 10-njy kubogyny gazandy
Wolkanowskiý Mahaçýewiň garşydaşy boldy