Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Waletina Meredowa häzirki günlerde dowam edýän Pariž Olimpiadasynda sport ruhuny bezeýän ajaýyp hereketi bilen ýatda galdy. 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyrynda ilkinji dörtlüge giren 39 ýaşly türkmen ýeňil atletikaçysy ylgawyny tamamlan dessine yzyna öwrülip, ýoluň, takmynan, 70-nji metrinde şikes alyp, ýere ýykylan günorta sudanly türgene kömek berdi.
Bu waka 2-nji awgustda bolup geçdi. Günorta Sudan Respublikasyna wekiçilçilik edýän ýeňil atletikaçy Lusiýa Moris ýaryş wagtynda ýykylyp, şikes aldy. Ýaryş tamamlanan dessine ony dördünji orunda tamamlan Walentina Meredowa bilen altynjy orny eýelän laosly türgne Silina Pha Aphaý şikesli türgeniň ýanyna ylgady. Olar saglyk işgärleri gelýänçä, şikes alan kärdeşine ilkinji ýardamy berdiler.
Sentýabr aýynda 40 ýaşyny doldurjak Walentina Meredowa Pariž Olimpiadasynyň iň tejribeli wekilleriniň biri. Eýýäm 27 ýyl bäri ýeňil atletika bilen meşgullanyp gelýän Walentina 60 (7,44 sekunt) we 100 metr (11,56) aralyklara ylgamakda Türkmenistanyň rekordynyň eýesidir. Meredowanyň sport ýoluny dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynyň birnäçesi bezeýär.
Amerikanyň Sports Illustrated sport žurnaly öz sahypalarynda türkmenistanly ýeňil atletikanyň ajaýyp raýdaşlygyna aýratyn orun berdi. Neşir bu hereketi sport ruhunyň hakyky nusgasy hasaplaýar.