Sportuň taryhynda şu gün 2-nji dekabr

1902 Niderlandlaryň “Gou Ehed Igls” (Dewenter) futbol kluby esaslandyrylýar.

1907 Angliýada Professional futbolçylar assosiasiýasy, ýagny PFA (ozalky Futbolçylar we tälimçiler bileleşigi assosiasiýasy) esaslandyrylýar.

1909 Kanadanyň Monreal şäherinde Milli Hokkeý Assiasiýasy (NHA) esaslandyrylýar. Ol 1917-nji ýylda-da NHL adyny alýar.

1948 Çehiýaly futbolçy özboluşly penalti urgusy bilen adygan Antonin Panenka dünýä inýär.

1971 Italiýaly futbolçy, meşhur derwezeçi Françesko Toldo dünýä inýär.

1973 Asly Ýugoslawiýadan bolan amerikaly tennisçi Monika Seleş dünýä inýär.

2008 “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna Kristiano Ronaldo laýyk görülýär. Ol Lionel Messi we Fernando Torresden öňe saýlanýar.

2019 -“France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna Lionel Messi laýyk görülýär. Zenanlaryň arasynda bolsa, bu hormata amerikaly Megan Rapinou mynasyp bolýar.

The post Sportuň taryhynda şu gün 2-nji dekabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Lionel Messiniň “Altynjy topy”
http://zamanturkmenistan.com/?p=26471
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Zenan futbolynyň ägirdi ABŞ
FIFA-da ýylyň iň gowulary
Maýkl B. Jordon Muhammed Aliniň keşbini janlandyrar