Sport we Saglyk

Sportuň taryhynda şu gün 22-nji noýabr

1943 Amerikaly tennisçi, 12 “Uly tuwulganyň” eýesi Billi Jin King dünýä inýär.

1947 Italiýaly futbolçy, meşhur tälimçi Newio Skala dünýä inýär.

1948 Serbiýaly futbolçy, meşhur tälimçi Radomir Antiç dünýä inýär.

1956 Awstraliýanyň Melburn şäherinde XVI tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Bu Günorta ýarymşarda hem-de Ýewropa we Demirgazyk Amerikadan başga ýerde geçirilen ilkinji Olimpiada bolýar.

1965 Amerikaly boksçy Muhammad Ali 12-nji raundda Floýd Pattersondan üstün çykyp, çempionlyk guşagyny goraýar.

1967 Germaniýaly tennisçi Boris Bekker dünýä inýär.

1985 Ganaly futbolçy Asamao Gýan dünýä inýär.

1986 20 ýaşly boksçy Maýk Taýson Trewor Berbigi 2-nji raundda ýeňip, WBC-nyň ugry boýunça agyr agramda çempionlyk gazanan iň ýaş türgen bolýar.

2000 Çehiýaly ylgaýjy, Olimpiýa oýunlarynyň 4 gezek ýeňijisi Emil Zatopek 78 ýaşynda aradan çykýar.

2013 Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen hindistanly Wiswanatan Ananddan üstün çykyp, dünýäniň çempiony bolýar.

2014 “Sewilýanyň” derwezesine 3 pökgi girizen “barselonaly” Lionel Messi 253 gol bilen “La Liganyň” iň köp gol geçiren futbolçysy bolýar. Ol bu ugurda 251 gol bilen rekordy 59 ýyllap özünde saklan Telmo Zarradan öňe saýlanýar.

The post Sportuň taryhynda şu gün 22-nji noýabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
Sportuň taryhynda şu gün 2-nji dekabr
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär