Stadion ululygyndaky asteroid Ýeriň golaýyndan geçer

NASA-nyň JPL gözleg merkezi ululygy stadionyňka barabar asteroidiň Ýeriň golaýyndan geçjekdigini mälim etdi.Kosmos jisimi planetamyza dört million kilometr çemesi golaýlar.Astronomlaryň pikiriçe, “2020 XU6” atly asteroidiň diametri 213 metr.

Mundan başga-da, 23-nji fewralda diametri 23 metr bolan “2020 BV9 asteroid” atly asteroid Ýerden 5,6 million kilometr we diametri 40 metr bolan “2021 CC5” atly asteroid 6,9 million kilometr uzaklykdan geçer.

Gün ulgamynda aýlanýan, massa we ululyk babatda planetalardan ep-esli kiçi, tertipsiz we atmosferasyz asman jisimlerine asteroid, olaryň has kiçilerine meteorit diýilýär.Dürli ululykdaky bu jisimler adatça Ýupiter planetasy tarapyndan çekilip alynýar we Ýere gelip ýetmeýär.

Astronomlar Ýeriň 5 million kilometr gapdalyndan geçýän asteroidleri Ýere golaý diýip hasap edýärler.Has kiçi meteoritler bolsa, Ýeriň atmosferasyna urýar.Güýçli tizlik bilen atmosfera uran äpet daş kislorod sebäpli ýanyp, pytrap ýok bolýar. Örän seýrek ýagdaýda Ýere gaçýan bölekleri hem bolýar. Ýeri gelende aýtsak, 1998-nji ýylda ýurdumyzyň Köneürgenç etrabynda ilatsyz ýere şeýle meteoritleriň biri gaçypdy.

The post Stadion ululygyndaky asteroid Ýeriň golaýyndan geçer appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Planetara stansiýasyny uçurmakçy
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gün hereket edýärmi