Stambulda iki adamy öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tutuldy

Stambulyň polisiýasy 19-njy dekabrda Türkmenistanyň 30 ýaşyndaky raýaty Gurtgeldi K.-ny tussag etdi. Ol iki adamy öldürmekde gümän edilýär. Bu barada Türkiýäniň SonDakika neşiri habar berýär.

Habar berilmegine görä, gümän edilýän Türkiýäniň iki raýatyny 51 ýaşyndaky aýaly we şol öýde bagban bolup işlän 61 ýaşly adamy çekiç bilen urup öldürmekde güman edilýär. Onuň özi hem şol öýde işleýär eken.

11-nji dekabrda bolan ganhorlygyň sebäbi öý eýesi bolan aýal Gurtgeldä öz jaýynda gije galmaga rugsat bermändir. Çak edilýän ganhorlyk amala aşyrylandan soň, ol adam pidalaryň ikisiniň hem mobil telefonyny alypdyr.

Polisiýa telefon signallaryny 18-nji dekabrda tutdy we güman edilýäniň olary bir dükana tabşyrandygyny anyklady. Soňra ony dükanda oturdylan wideo gözegçilik ýazgylary esasynda agtaryp tapdylar.

Neşiriň maglumatyna görä, Gurtgeldi jenaýat edendigini boýun aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Moskwada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Ýetginjekleriň we gyzlaryň 200-e golaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler
Iki adamy öldürmekde güman edilip gözlenýän türkmen migranty saklandy
05.11.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar