Stambulda multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum geçiriler

Stambulda multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum geçiriler

Türkiýäniň Stambul şäherinde 13-14-nji sebtýabrda multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum geçiriler. Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariatyna salgylanyp, “Anadolu” agentligi geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

Bu foruma Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agza ýurtlarynda ulag pudagynda iş alyp barýan guramalaryň, gulluklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum konstruktiw diskussiýalar, tejribe alyşmak we ulag geçelgelerini ösdürmekde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmak üçin giň meýdança bolmagy maksat edinýär.

TDG-nyň habar bermegine görä, halkara forum hyzmatdaşlygy ösdürmäge, berkitmäge, global üpjünçilik zynjyrlarynyň netijeliligini, dowamlylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesinde we Günorta geçelgesinde multimodal ulag ugurlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) Merkezi Aziýa bilen Hazar sebitini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan üstaşyr ýükleriň geçişiniň tizligini 40% ýokarlandyrdy
Gazagystan, Azerbaýjan, Gruziýa Transhazar geçelgesi boýunça bilelikdäki kärhanany dörederler
Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar
14.11.2018 | Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar