Stambulda ölen migrantyň hossarlaryna goldawyň deregine dymmagy üçin basyş edilýär

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary daşary ýurtlarda ölüm-ýitim bolanda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň we Stambul konsulhanasynyň öz raýatlaryna eýe çykyp, goldamaýandygyny öňe sürýär.

Munyň üstesine-de Türkmenistandaky ýerli häkimýetler daşary ýurtda migrant ölendigi barada hiç ýerde gürrüň edilmeli däldigini duýduryp, olaryň hossarlaryna basyş edip, haýbat atýar.

9-njy iýulda Lebap welaýatynyň owalky Türkmenbaşy häzirki Döwletli etrabynyň Daşrabat daýhan birleşiginiň Mukry obasynyň ýaşaýjysy bolan 1982-nji ýylda doglan erkek zähmet migranty iýmitden zäherlenmegi sebäpli Türkiýäniň Stambul şäheriniň Esenýurt döwlet keselhanasyna günortan sagat 14 töwereginde eltildi.

Bu maglumaty “Türkmenistanyň Hronikasynyň” Stambuldaky habarçysyna tassyklan keselhananyň işgäri, halas edilip bilinmedik türkmen migrantynyň agşam sagat 22 töwereginde Esenýurt döwlet keselhanasynda aradan çykandygyny aýtdy.

Merhumyň migrant obadaşlary onuň tabydyny hossarlaryna ibermek üçin Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kömek sorap, ýüz tutdy.

“Konsulhananyň bir işgäri telefonda özleriniň diňe merhumy ýurduna ibermek üçin gerek bolan resminamalary taýýarlap biljekdigini nygtap, tabydynyň iberilmegine berilýän harajaty biziň çekmelidigimizi aýtdy. “Aý, özüňiz bir alajyny tapjak boluň gaýrat edip.

Hemmer şeýle edýär” diýip maslahat berdi.Konsulhananyň käbir raýatlara bu ugurda pul hemaýatyny berýändigine häli-şimdi saýat bolýarys Stambulda. Ýöne bu sapar bize kömek edilmedi.Biz Döwletli etrabynyň migrantlary bolup öz aramyzda pul ýygnap, 2000 amerikan dollary töleg edip, 11-nji iýulda gijeki Aşgabat uçary bilen merhumyň tabydyny Türkmenistana ugratdyk” diýip, merhumyň obadaşlary habarçymyza gürrüň berdi.

Tabyt şol uçar bilen paýtagta baranda ony almaga baran merhumyň kakasy, agasy hem kakasynyň dogany dagylary Aşgabadyň aeroportynda migrasiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilipdir.

Olar merhumyň hossarlaryndan “Raýat haçan, näwagt we nirede nähili görnüşde ýogaldy? Öleniň ýagdaýy barada haýsydyr bir döwlet edarasyna, döwlete degişli bolmadyk guramalara ýa-da halkara media serişdelerine maglumat berdiňizmi?” diýip, sorapdyr. Galyberse-de merhumyň Stambuldaky migrant dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we tanyşlarynyň şahsy maglumatlaryny talap edipdir.

“Howpsuzlyk we migrasiýanyň işgärleri kimdir biri ölüňizi nädip getirendigimizi soraýsa, döwletimiziň doly hemaýaty bilen amala aşyrylandygyny aýtmagymyzy buýruk berdi. Ondan soň tabydyň hiç hili açylman oba baran badyna jaýlanmagyny tabşyrdylar we birnäçe kagyza gol çekdirdiler. Olary biziň okamagymyza hem rugsat bermediler” diýip, Stambulda ýogalan migrantyň hossarlaryndan biri habarçymyza aýtdy.

Migrantyň tabydyny Aşgabatdan Türkmenabat şäherine uçar bilen ibermek üçin onuň hossarlary 560 manat pul töledi.

Merhumyň üçi berlen güni onuň kakasy Döwletli etrabynyň howpsuzlyk gullugynyň edarasyna çagyrylyp, gaýtadan soraga çekildi.Oňa hiç ýerde ölen migrantyň tabydyny Stambuldan getirmek ildeşleriniň arasynda pul ýygnalandygy barada geplemezlik tabşyryldy.

Ondan daşaryn pul ýygnamagy gurnanyň we pul kömegini berenleriň şahsy maglumatlary (ady, familýany, doglan senesi we ýeri, Stambulda ýaşaýan hem işleýän ýeriniň salgysy bilen daşary ýurt telefon belgisi) talap edildi.

Ýatlamaly bolsa daşary ýurtlardan ölüsini getirýän türkmen migrantlary we olaryň hossarlary mundan owal hem birnäçe gezek “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna öz başyndan geçirenleriniň halk köpçüligine ýetirilmegini haýyş edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder
Türkmen kontrazwedkasy sugulçylaryny köpeltmek üçin Türkiýede duşuşyklar geçirýär
Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar
Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýük ulaglaryny Türkiýä getirmek ugrunda tagalla edilýär
Türkiýede iki müňden gowrak Türkmenistanly watanyna dolanmaga garaşýarlar