Stambulda polisiýa bölümine guralan terrorçylykly hüjümden soň on adam tussag edildi

Stambulda polisiýa bölümine guralan terrorçylykly hüjümden soň on adam tussag edildi

Çarşenbe güni ýene-de bäş adamyň tussag edilmeginden soň, Stambulyň Beşiktaş etrabyndaky polisiýa gözegçilik nokadyna guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglanyşykly tussag edilen şübhelileriň sany 10 adama ýetdi.

Stambulyň Baş prokuraturasy tarapyndan sişenbe güni Lewent etrapçasynyň Ýapy Kredi Plaza binasynyň öňünde we Ysraýyl konsullyk binasynyň golaýyndaky polisiýa bölümine guralan hüjüm bilen baglanyşykly başlanan derňew işi dowam edilýär.

Derňewiň çäginde polisiýa Stambulda we Kojaelide anyklanan öý salgylarynda operasiýalar geçirdi we şübhe astyndaky ýene-de bäş adamy tussag etdi.

Hassahanada bejergi alýan iki hüjümçi bilen birlikde tussag edilenleriň umumy sany 10 adama ýetdi.

Şübhe astyndaky sekiz adamyň işi Stambulyň polisiýa bölüminde dowam edýär, ýaralanan iki hüjümçiniň hem bejergi alanlaryndan soň polisiýa bölümine geçirilmegine garaşylýar.

Resmiler sişenbe güni Beşiktaş etrabynyň Büýükdere köçesinde ýerleşýän Ýapy Kredi Plaza binasynyň öňünde polisiýa bilen bolan çaknyşykda üç hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini we iki polisiýa işgäriniň ýeňil görnüşde ýaralanandygyny habar berdiler.

ROKETSAN-a degişli desgasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan: "Gahryman howpsuzlyk güýçlerimiziň üstünlikli işleriniň netijesinde öňi alnan bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýandygymyzyň bilinmegini isleýärin" diýdi.

Prezident Erdogan: “Terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdireris we Türkiyedäki howpsuzlyk ýagdaýyny şu günki ýaly ýaramaz we wagty kesgitlenen öjükdirmeleriň zeper ýetirilmegine ýol bermeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe: Ten satmak söwdasyna mejbur edilen' türkmenistanlylar tussag edildi
Kireý jaýlarda tenini satmakda aýyplanýan türkmen zenanlary tutuldy
Deportdan gorkýan türkmenistanlynyň aladasy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň umumy ýagdaýyna ünsi çekdi
Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty ten satmakdan halas edildi, ýene biri neşe satmakda güman edilip tussag edildi
Stambulda türkmenistanly zenan neşe satmakda tussag edildi
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy