Stambulyň Ilaty 15 Million 701 Müň 602 Adama Ýetdi

Stambulyň Ilaty 15 Million 701 Müň 602 Adama Ýetdi

Türkiýäniň iň uly welaýaty bolan Stambulyň ilaty 2024-nji ýylda 15 million 701 müň 602 adama ýetdi.

Türkiýaniň Hasabat guramasynyň we BMG-nyň Ilat gaznasynyň 2024-nji ýyldaky görkezijilerine görä, Stambulyň ilaty 2024-nji ýylda 45 müň 678 adam artyp 15 million 701 müň 602 adama ýetdi.

Türkiýäniň jemi ilatynyň 18,3 göterimi Stambul şäherinde ýaşaýar.

Stambulda 7,82 million erkegiň we 7,88 million zenanyň ýaşaýandygy anyklandy.

Türkiýäniň iň uly şäheri bolan Stambul 15,7 milliondan geçýän ilaty bilen birnäçe ýurtdan öňe geçdi.

Stambul BMG-nyň Ilat gaznasynyň 2024-nji ýyldaky görkezijilerine görä 204 ýurduň we 131 sebitiň öňüne geçdi.

BMG-nyň Ilat gaznasynyň görkezijilerine görä Belgiýada 11,7 million, Çeh Respublikasynda 10,3 million we Wengriýada 10 million adam ýaşaýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ançous Eksportundan 12 Million 306 Müň 154 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi
Ýanwar Aýynda Türkiýä 2 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi