Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri GLOBAL G.A.P. standartynyň täze nusgasy boýunça tälim aldylar

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri GLOBAL G.A.P. standartynyň täze nusgasy boýunça tälim aldylar

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri Türkmenistanda ilkinji bolup GLOBAL G.A.P. standartynyň täze nusgasyny özleşdirdiler. Synaglardan üstünlikli geçip, olar 6.0 nusgasyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak boýunça öz başarnyklaryny tassyklatdylar.

Azyk önümçiliginiň hiliniň 6.0 standartynyň täze nusgasy ösümlikleri goramak we dökünleri ulanmak işinde serişdeleri peýdalanmak boýunça has berk syýasaty kesgitleýär.

Bu ulgam önümçilik howpsuzlygynyň häzirki zaman standarty bolup, bütin dünýäde giňden ýaýrandyr. Islendik ýurtda iri müşderiler bilen yzygiderli işleşmek isleýän daýhanlar bu çemeleşmäni göz öňünde tutmalydyrlar.

Standart Hyzmatyň hünärmenleri 6.0 nusgasy boýunça sertifikatlaşdyrmakda türkmen oba hojalykçylaryna öz hyzmatlaryny bermäge taýyn.

Ýatlatsak, GLOBAL G.A.P. bu oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny kadalaşdyrýan esasy dünýä standartydyr. Ol tekjelerindäki önümleriň howpsuzdygyna göz ýetirmek isleýän ýanewropaly satyjy tarapyndan işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-e golaý ýurdy bu standart bilen işleýär, eýýäm, takmynan, 160 müň sertifikat berildi.

Türkmenistanda sertifikatlaşdyrmaga bolan isleg ýylsaýyn artýar. Şeýlelik bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijisi bolan "Ýigit" HJ Standart Hyzmatyň geňeşçileri bilelikdäki iş netijesinde Türkmenistanda ilkinji bolup GLOBAL G.A.P. sertifikatyny aldy.

GLOBAL G.A.P. sertifikatynyň artykmaçlyklary kompaniýanyň bazarda ykrar edilmegi, ýokary abraýyň (imij) emele gelmegi. Şeýle-de, bu ösdürilip ýetişdirilen önümler üçin häzirki zaman bazary tarapyndan hödürlenip bilinjek islenilýän bahadyr. GLOBAL G.A.P. halkara sergilerine gatnaşyjylardan hem talap edilýär.

Standart Hyzmatyň işi we täze nusga boýunça sertifikatlaşdyrmak barada has anyk maglumatlary gönüden-göni kompaniýanyň ofisinden alyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat, Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 64) 19 86 68, (+993 65) 71 81 86. Elektron poçta salgysy: info@standarthyzmat.com.tm

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy
Rus kompaniýasy Demirgazyk—Günorta geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistandan Russiýa eltip berme hyzmatyny ýola goýdy
Halkara awtoulag sergisi
“Bellingcat” derňewi: Italiýa Türkmenistana €257 millionlyk ýarag satdy
Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär
"Aşgabat-2017" oýunlarynyň ýeňijilerine gowşurylan Toýotalaryň’ käbiri yzyna alyndy