Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi

Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi

BMG Eýranyň Siriýadaky ilçihanasynyň nyşana alynmagy bilen baglanşykly Ýakyn Gündogarda başdan geçirilen hadysalaryň üstünde durup geçip, sebitdäki dartgylygyň has hem ýaýbaňlanmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.

BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wakalardan soň geçiren telefon söhbetdeşlikleri barada maglumat beren Stefan Dýužarrik, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň Antoniu Guterrişe telefon arkaly jaň edendigini mälim etdi.

Stefan Dýužarrik Baş sekretarynyň aragatnaşygyny dowam etdirjekdigini belläp: "Sebitdäki dartgylygyň has hem ýaýbaňlanmagyna alada bildirýäris" diýip beýan etdi.

Eýranyň Siriýanyň paýtagty Damask şäherindäki ilçihana degişli konsullyk binasyna düýn guralan howa hüjüminde, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyndan 2-si general çinli jemi 7 adam ýogalypdy. Hüjümde 6 siriýalynyň hem ýogalandygy we jemi ýogalanlaryň sanynyň 13-e ýetendigi aýan edildi.

Eýran hüjümi Ysraýylyň gurandygyny aýdan bolsa, resmi Tel-Awiw dymmagyny dowam etdirýär.

Hüjüme garşylyk görkezjekdigini aýdan Eýran, ABŞ-na-da jogapkär hökmünde garaýandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
Nýu-Ýork dünýäde iň gymmat paýtagt diýlip ykrar edildi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi