Stiw Jobsuň Macintosh kompýuteri auksiona çykaryldy

Stiw Jobsuň Macintosh kompýuteri auksiona çykaryldy

Apple-i esaslandyryjy Stiw Jobsa degişli Macintosh SE kompýuterini 22-nji oktýabrda boljak Bonham's History of Science and Technology auksionyna goýarlar.Lotuň teswirinde şeýle diýilýär: "Macintosh SE kompýuteri, Kupertino, Kaliforniýa, Apple Computer, 1987-nji ýylyň aýagy, 20 MB-lyk içki gaty diskli, klawiaturaly, syçanjykly we ätiýaç üçin goşmaça gaty diskli.

Stiw Jobs tarapyndan häzirki eýesine, NeXT, Inc.işgärine sowgat berlen".

Söwdalaşyga goýlan kompýuteri Jobs Apple-den işden çykarylansoň ulanypdyr. 1988-nji ýylda Mac onuň NeXT kompaniýasynyň ofisinde durýan eken.Bu kompaniýany ol 1985-nji ýylda Apple-den gidenden soň esaslandyrypdyr.

Ol kompýuterini 1994-nji ýylda häzirki eýesine beren eken.Birmahal Stiw Jobsuňky bolan kompýutere 200-300 müň dollar baha kesilýär.Jobs Macintosh-a PK-laryň satlyga çykmagy bilen IBM meýinamasy üçin Apple-e beren jogaby hökmünde seredipdir. Ýadynyň pesdigi, gaty diskiniň ýokdugy we programma üpjünçiligindäki kynçylyklar sebäpli onuň söwdasy o diýen şowlamandyr, ýöne ahyrda şowly Apple kompýuterler hatarynyň döremegine getiripdir.

Macintosh SE - 1987-1990-njy ýyllar aralygynda Apple-iň Macintosh II bilen deňine goýberen personal kompýuteri.Bu kompaniýanyň rasşireniýe sloty bilen enjamlaşdyrylan birinji kompýuteridir, bu modeliň adynda hem şöhlelenýär (iňl.

System Expansion).

Ýene degişli makalalar

Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“iPhone 3GS” gaýdyp gelýär
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
ABŞ Ukraina Harby Kömegini Dowam Etdirer