Şu gün Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara forum açylýar

Şu gün Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan halkara forum açylýar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum açylýar.

Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýan bu halkara energetika forumyna BAE-niň Döwlet ministriniň, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasyndan, Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşinden, BMG-niň degişli düzümlerinden ýokary wezipeli işgärleriň we jogapkär ýolbaşçylaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, Interfax, TRT Türk, Bloomberg news, Media Hup, National Gas World, Argus ýaly meşhur habarlar gulluklarynyň birnäçesi bu forumyň media hyzmatdaşlary bolup çykyş edýär.

Forumyň gün tertibine, esasan, bäş tema, ýagny geljekki ählumumy energetikada Türkmenistanyň orny, türkmen energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: guryýer we deňiz taslamalary, uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ekologik ugurlary, häzirki döwrüň energetikasynda içerki we sebitleýin ösüşiň sepgitleri, Türkmenistanyň täze energetika çeşmeleriniň diwersifikasiýasy boýunça meseleler giriziler.

Bular boýunça guraljak pikir alyşmalar, mejlislerdir çykyşlar, umuman, dialog tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, Galkynyş gaz käninde önümçiligi ýokarlandyrmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek, pudaga innowasion tehnologiýalary çekmek ýaly birnäçe wezipeleri çözmekde täze mümkinçilikleri açar we şertleri döreder.

Wekiliýetleriň düzümine döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, akademiki we işewür toparlaryň, bilermenleriň we metbugat jemgyýetleriniň 300-den gowrak wekilini öz içine alýar. Maýa goýum forumynyň işine Türkmenistan we BAE hökümetiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, birnäçe daşary ýurt we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iki ýüzden gowrak wekili gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Yrak Liniýasynda Energiýa Diplomatiýasy
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Türkmenistanyň Milli lideri Türkiyäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Suwuň güýji “Yşyk” berýär
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?