Şu Ýyl 8 Göterimlik Ösüşe Garaşýarys

Şu Ýyl 8 Göterimlik Ösüşe Garaşýarys

Kojaeli welaýatynda işewürler bilen duşuşan ministr Elwan, 2020-nji ýylyň büýin dünýäde ähli ykdysady we sosial ulgamyn synagdan geçirilen göreş ýyly bolandygyny, global ykdysadyýetiň 2-nji Jahan urşundan soňky döwrüň in agyr çökgünligini başdan geçirendigini, millionlarça adamyň işsiz galandygygyny aýtdy.

Türkiýäniň pandemiýanyň saglyk we sosioykdysady taýdan ýaramaz täsirlerine garşy göreşde iňňän başarjaň bolandygyny, görülen çärelerin netijesinde önümçilik ukybyny gorap saklandygyny we ösüşini dowam etdirendigini aýdan Elwan; “2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde önümçilik, eksport, hyzmatlar pudagyndaky ösüş we bularyň täsiri bilen 20 göterimden gowrak ösüşe garaşýarys.

Pandemiýa bilen bagly daşarky täsirler bolman halatynda 2021-nji ýyl üçin 8 göterimden gowrak ösüşe garaşýarys” diýdi.

Ministr Elwan, eksportda iýul aýynda ilkinji gezek ýyllyk 200 milliard dollardan ýokary geçilip, rekord goýulandygyny, dünýä eksportundan alynýan paýyň hem artandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Ministr Lütfi Elwan Germaniýanyň Wise-premýeri we Maliýe ministri bilen duşuşdy
Elwan Amerikaly Kärdeşi Ýellen Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Gyrgyzystanyň Prezidenti Japarowy resmi dabara bilen garşylady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny