Şu ýyl Aşgabatda Goşulyşmazlyk hereketiniň lukmançylyk konferensiýasy geçiriler

Şu ýyl Aşgabatda Goşulyşmazlyk hereketiniň lukmançylyk konferensiýasy geçiriler

Şu ýyl Türkmenistanda Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň hem-de beýleki ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ylmy konferensiýasy geçiriler. Halkara konferensiýa lukmanlar, alymlar we bilermenler gatnaşarlar diýip, Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 5—7-nji iýulda Budapeştde Daşky gurşaw we saglyk boýunça ministrler derejesindäki ýedinji konferensiýa geçirildi. Halkara konferensiýanyň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Konferensiýanyň çäklerinde türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen lukmançylyk konferensiýasyny geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu çäräniň netijesi boýunça adamlaryň saglygyny dikeltmek, dünýäniň gülläp ösmegini üpjün etmek we 2023—2030-njy ýyllarda durnukly geljege ýetmek üçin Budapeşt Jarnamasy we Ýol kartasy kabul edildi diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar
BSGG Ýewropada 2000-nji ýyldan bäri çakdanaşa yssy sebäpli pida bolýanlaryň artandygyny habar berdi
Erdogan Türkiyäniň Palestina ynsanperwer kömek bermegi sebäpli BSGG Ýewropa sylagyna laýyk görüldi
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
Prezidente berlen 'ýörite sylag' býujet işgärlerine 'gymmat düşdi'