Sudanda Guralan Howa Hüjüminde 43 Adam Ýogaldy

Sudanda Guralan Howa Hüjüminde 43 Adam Ýogaldy

Sudanda, bazar ýerine guralan howa hüjüminde 43 adam ýogaldy.

Sudanyn Lukmanlar arkalaşygy, harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda, paýtagt Hartumyň günortasynda ýerleşýän bazar ýerini nyşana alan howa hüjüminde 43 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Lukmanlar arkalaşygyndan berlen beýannamada, “Hartumyň günortasynda ýerleşýän Maýo etrapçasynda şu gün irden onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan güýçli çaknyşyk boldy” diýildi.

Beýannamada, etrapçada ýerleşýän Goro bazaryna guralan howa hüjüminde 43 adamyň ýogalandygy, azyndan 55 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Sudan Dartgynly Bolmagynda Galýar
Sudanyň Howa Giňişligi Ýapyk Bolmagynda Galar
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogan Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
OPEC döredildi