
ABŞ-nyň Hartum şäherindäki Ilçihananyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Saud Arabystany we ABŞ Sudanyň goşuny bilen Tiz goldaw güýçleriniň arasynda gol çekişilen ot açmazlyk ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 5 gün uzadylmagyna hoşallyk bildirýär" diýip habar berdi.
Ot açmazlyk baradaky ylalaşygyň ynsanperwer kömek we esasy hyzmatlaryň üpjün edilmegi we uzak möhletli ylalaşygyň ýola goýulmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.
Beýanatda doly ýagdaýda durmuşa geçirilmesede 20-nji maýda gol çekilen ylalaşygyň mätäç bolan takmynan 1 million sudanla ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegini üpjün edendigi aýan edildi.
Taraplar 15-nji aprelden bäri dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň üsti bilen 20-nji maýda 1 hepde möhlet bilen ot açmazlyk barada ylalaşyk gazanylandygyny habar beripdiler.