Sudanda Premýer ministr we Şäriklik hökümetiniň liderleri göz tussaglygyna alyndy

Sudanda Premýer ministr we Şäriklik hökümetiniň liderleri göz tussaglygyna alyndy

Sudanda harbylar, şu gün irden aralarynda Premýer ministr Abdullah Hamduk we Şäriklik hökümetiniň liderleri hem bolan ýokary derejeli ýolbaşçylary göz tussaglygyna aldylar.

Hadysadan soň ýurdyň paýtagty Hartum şäheriniň käbir ýerlerinde protestler başlady. Şäheriň käbir ýollarynda demonstrantlaryň ulaglaryň tekerlerini ýakyp, ýollary ulaglar üçin ýapandygy habar berildi.

Sudanyň Maglumatlar ministrligi bolsa Özygtyýarlylyk Geňeşiniň käbir agzalarynyň we wagtlaýyn hökümediň käbir ministrleriniň harby güýçler tarapyndan tussag edilendigini mälim etdi.

Sudanly syýasy partiýalar harby agdarlyşykdan soň iş taşlaýyş yglan etdiler, Sudanyň Hünärmen palatalar bileleşigi bolsa halka köçelere çykmak barada çagyryş berdi.

Ýurtdaky harby hereketlilikden soň internetde we telefon liniýalarynda bökdençlikler emele geldi.

Ýene degişli makalalar

'Arkadag' 'Al-Nassrdan' utuldy, 'janköýerler' çeken kösençligi barada gürrüň berdiler
Malaý edebiýaty
Ançous Eksportundan 10,1 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
Geçen Ýyl 2 Million Dollardan Gowrak Bal Eksport Edildi
2 Aýda 3,2 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi
Ançous Eksportundan 2 Aýda 1,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy