Sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutýan zenanlardan Häsiýetnama we Nika şahadatnamasy talap edilýär

Sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutýan zenanlardan Häsiýetnama we Nika şahadatnamasy talap edilýär

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän aýal-gyzlardan Nika şahadatnamasy we iş ýerinden Häsiýetnama talap edilýär. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri 27-nji dekabrda habar berdi.

Täze talaplar bilen, onsuz hem awtoulag sürmek hukuklary barha çäklendirilýän zenan raýatlardan sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin jemi on üç resminama talap edilýär.

Galyberse-de, neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän zenan sürüjilerden edilýän resmi däl talaplara görä, diňe ýaşy 40-dan ýokary bolan zenanlara şahadatnama berilýär.

Pasport, sürüjilik mekdebinden alnan synag depderçesi, lukmançylyk kepilnamasy, ruhy keseller we narkologiýa dispanserlerinden alnan kepilnamalar, 3x4 ölçegli iki sany fotosurat, töleg kwitansiýasy, arza, awtoulagyň tehniki pasporty we guratlyk haty, nika şahadatnamasy ýaly resminamalar aýallaryň sürüjilik ukybyny tassyklamak üçin talap edilýän resminamalaryň diňe birnäçesidir.

“PÝÝG-da erkek adamlardan has az resminama talap edilýär. Ýöne olar üçin hem sanaw gaty göwrümli” diýip, turkmen.news ýazýar.

Aýal-gyzlara we erkeklere deň mümkinçilikleri hödürlemek, gender deňligini gazanmak ugrunda çynlakaý tagalla edýändigini öňe sürýän türkmen hökümeti, aýal-gyzlaryň hukuklaryny, şol sanda awtoulag sürmek hukugyny barha çäklendirmekde tankyt edilýär.

Aýallardan edilýän Nika şahadatnamasy talabynyň erkek sürüjilerden hem soralyp soralmaýandygy, ýa-da bu talabyň durmuşa çykmadyk zenanlaryň ýüztutmalarynda nähili ýerine ýetirilýändigi barada jikme-jiklik ýok, ýöne aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasy bilen bagly 40 ýaş talaby bilen bir hatarda, turkmen.news neşirine görä, aýal-gyzlara Ynanç haty bilen ulag dolandyrmak hem gadagan edilýär. Şeýlelikde, zenan maşgala tarapyndan dolandyrylýan awtoulag onuň öz adyna resmileşdirilen bolmaly.

Azatlyk Radiosy mundan ozal Türkmenistanda ulag dolandyrýan aýal-gyzlardan goşmaça kepilnama talap etmek arkaly, olar üçin, hamala, emeli kagyz kynçylyklarynyň döredilmegi ýaly ýagdaýlar barada habar berdi.

Türkmenbaşyly bir zenan maşgala iýun aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde adalatsyz ýagdaýda elinden aldyran sürüjilik şahadatnamasyny PÝGG-den yzyna gaýtaryp alşy barada gürrüň beripdi.

Ol şonda zenan sürüjiler üçin jerime tölemek we resminamalaryny yzyna almak düzgünleriniň ozal görlüp-eşidilmedik derejede kynlaşandygyny aýdypdy.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň durmuşyna girizilen çäklendirmeler hususan-da 2022-nji ýylyň dowamynda ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykdy.

Bu aralykda, türkmen resmileri ýurduň dürli künjeklerinde gender deňligini ösdürmek bilen bagly geçirýän çärelerini ýygjamlaşdyrdy.

Döwlet metbugatyna görä, biraz öň, “Awaza” syýahatçylyk zolagynda gender deňligini ösdürmek boýunça iki günlük seminar geçirildi. Sentýabrda Lebap welaýatynda “ýurtda gender geljegine goşulyşmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin tegelek stol” geçirildi.

Geçen aý Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mekdep mugallymlarynda gender başarnyklaryny ösdürmek üçin bir hepde töweregi dowam eden okuw dersleri geçirildi.

Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça milli hereket meýilnamasy hereket edýär.

Häkimiýetler bir tarapdan yzly-yzyna gender deňliginiň ösdürilmegine bagyşlanandygyny aýdýan okuw derslerini, seminarlary we ýygnaklary ýygjamlaşdyrýan mahaly, beýleki tarapdan, iş ýüzünde aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Sürüjilik şahadatnamasy bilen bagly aýal-gyzlardan edilýän täze resminama talaplary olaryň mümkinçilikleriniň çäklendirilmegine mysal bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Lebapda PÝGG sürüjilere jerime ýazmak ýa-da olardan “para almak” çärelerini güýçlendirdi
Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasy üçin sürüjilerden para almak mümkinçiligini döretdi
Marynyň polisiýasy köçelere we raýatlaryň hususy ulagyna gözegçiligi güýçlendirdi
Diňle: Marynyň polisiýasy köçelere we raýatlaryň hususy ulagyna gözegçiligi güýçlendirdi
Diňle: Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’