Sues kanalynyň girdejisi artdy

Müsüriň çäginden geçýän emeli Sues kanalynyň girdejisiniň artandygy mälim edildi.Kanalyň edarasynyň ýolbaşçysy Osama Rabiýe oktýabr aýynda suw geçelgesinden 229 gäminiň geçendigini belledi.Iýul-oktýabr aýlary aralygynda bolsa, kanaldan alnan girdeji 14% ýokarlanypdyr.

Bu döwürde suw ýolundan 4 müň 405 gämi geçipdir.Bu gämiler jemi 185 million tonna ýük geçiripdir.Geçen ýylyň degişli döwründe 4 müň 332 gämi 167,6 million tonna ýük geçiripdir.

Müsüriň ykdysadyýetine uly goşant goşýan kanal Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky iň gysga deňiz ýoly hasaplanýar. Kanalyň soňky ýyllarda giňeldilmegi we çuňaldylmagy netijesinde has uly gämileriň geçmegine mümkinçilik döredildi.

Arzygül Bakyýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti käbir welaýat we etrap häkimlerine täze orunbasarlary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen suratkeşleri Turan halkara sungat baýragyna mynasyp boldular
TÝL ― 2023: Nebitçi 91-nji minutdaky gol bilen Köpetdagdan üstün çykdy
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany