Sumgaýtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Sumgaýtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

Sumgaýtda nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow, Azerbaýjan Respublikasynyň ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Fargad Hajiýew, Sumgaýt şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygynyň orunbasary Akif Guliýew, SOCAR Azerkimýa önümçilik birleşiginiň baş müdiri Elnur Mammedli we beýleki resmi wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň habar berlişi ýaly, çärä gatnaşyjylar dostlukly türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler we mundan beýläkki ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dabaradan soň Azerbaýjanda okuw-türgenleşiginde bolýan Türkmenistanyň Nebitiçi futbol topary bilen ýerli Sumgaýt toparynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy boldy. Ýoldaşlyk duşuşygynda türkmen futbolçylary 4:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Azerbaýjanda türkmen futbolçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda başlajak ýerli çempionata taýýarlyk görýändiklerini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

SOCAR-yň prezidenti Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi bilen duşuşdy
Sahnada Gilgameş atly spektakly
31.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
DIM-de geçirilen metbugat maslahatynda türkmen diplomatlarynyň öňünde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
07.02.2020 | Resmi habarlar