Sungat işgärleriniň hormatly atlary we rus aýdymçysynyň Aşgabatdan alan sylagy

Sungat işgärleriniň hormatly atlary we rus aýdymçysynyň Aşgabatdan alan sylagy

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, 26-njy dekabrda Aşgabatda konsert beren rus aýdymçysy Anna Şuroçkina “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at bilen sylaglandy.

Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýörite permana gol çekip, aýdymçy-kompozitoryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde bitiren işlerine salgylandy.

Aýdym-saz muşdaklarynyň arasynda Nýuşa diýlip tanalýan russiýaly aýdymçy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde nähili işleri bitirdi?

Türkmenistan “halk artisti” yglan edilýän sungat işgärleri sungaty ösdürmekde nähili goşant goşýarlar?

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanda halk artistiniň sungat älemine goşýan goşantlaryny we rus aýdymçysynyň türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren işlerini ara alyp maslahatlaşýar.

Nýuşa soňky 10 ýyl çemesi wagt bäri wagtal-wagtal Türkmenistanda konsert berýär. Ýatlasak, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasynda hem aýdym aýtdy, 2022-nji ýylyň dekabrynda hem Aşgabatda konsert berdi. Arhiw maglumatlaryna görä, Nýuşa 2014-njy ýylda hem Aşgabatda Täze ýyl konsertini berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (1-nji bölüm)
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Syýasat we jemgyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
“Syýasat we jemgyýet” žurnaly
11.01.2021 | “Syýasat we jemgyýet” žurnaly
Sowetleşme türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi?