Sungata ömrüni baglan

Ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylyp, ençeme ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasyny bezäp, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan, maşgala agzybirligi barada gürrüň berýän, ýazyjy Nobatguly Rejebowyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran Gabanjaň gelin atly sahna oýny megerem teatr muşdaklarymyzyň ýadynda bolsa gerek.

Spektaklda, esasan, maşgalada bolup geçýän durmuşy wakalar dogrusynda söhbet açylýar. Şol sahna oýnunda baş keşp bolan Doýdugyň keşbini döreden, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mamagül Durdyýewa bilen söhbetdeş bolup, okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Mamagül, söhbetimizi sungat älemine gelşiňizden başlaýaly?

Men 1962-nji ýylda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginde doguldym.Orta bilimi obamyzdaky orta mekdepde okap, 1979-njy ýylda oňat bahalar bilen tamamladym.Men okuwdan boş wagtlarym mekdebimizde hereket edýän çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşyp, aýdym aýdyp, tans edýärdim.

Depde saz çalmak meni has-da gyzyklandyrýardy. Şeýdip men entek mekdepde okaýarkam Depçi gyz adyna eýe bolupdym.Men okuwdan soň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňler toparyna goşulyp, pagtaçylaryň günortan arakesme wagtynda berilýän konsertlerde dep saz guraly bilen çykyş edýärdim.

Meniň çagalykdan sungata imrinmegime kakam sebäp bolupdy. Çünki meniň kakam Nurbaý Durdyýew oba medeniýet öýünde kinomehanik bolup işleýärdi.Biziň ýaş döwürlerimizde mawy ekran arkaly Baý we Batrak atly spektakl görkezilýärdi. Şol oýunda Jemiläniň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň, Hajy enäniň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Alyýewanyň özlerine ynanylan keşpleri ýerine ýetirişlerini synlap, meniňem şolar ýaly artist bolup, keşp döredesim gelerdi. Şeýdibem, 1979-njy ýylda orta mekdebi tamamlanymdan soň, öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky artistleri taýýarlaýan teatr studiýasyna okuwa girdim.

Mamagül, söhbetdeşligimiziň şu ýerinde talyplyk ýyllaryňyz barada hem gürrüň beräýseňiz?

Teatr studiýasynda döwlet synagyny Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow aldy.Men aýdym aýdyp, goşgy okap, Baý we Batrak telewizion spektaklyndaky Hajy enäniň içgepletmesini (monologyny) aýdyp berip, şeýle-de sazyny özüm çalyp, özbek tansyny hem ýerine ýetirip berip, synaglardan geçip, talyp bolup galyberdim.

Teatr studiýasynda maňa halypa artistler Nurmuhammet Keşikowdan, Gylyç Berdiýewden, Bazar Amanowdan, Muhammet Çerkezowdan, Sona we Suraý Myradowalardan, Sabyr Ataýewadan aktýor ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwrenmeklik miýesser etdi.Teatr studiýasynda okaýarkam men teatryň sahnasynda sahnalaşdyrylýan spektakllaryň köpçülik sahnalaryna sypdyrman gatnaşýardym.

Teatr studiýasynyň soňky ýyllarynda biz toparymyz bolup, dürli sahna oýunlary sahnalaşdyrdyk.Bu sahna oýunlarynda maňa dürli keşpleri ynandylar. Şol keşpleri döredenimden soň maňa Iň oňat zenan keşbi üçin hormat haty hem berlipdi.

Men bu sylag üçin mugallymlarym Ata Alowowa, Annamyrat Berdiýewe, Aman Gurbandurdyýewe, Welmyrat Amanowa minnetdardyryn.Teatr studiýasyny tamamlanymdan soň, 1982-nji ýylda bizi toparymyz bilen Mollanepes teatrynda işe alyp galdylar. Şonda maňa teatryň sahnasynda ilkinji gezek halypa artistlere goşulyp Hazyna atly sahna oýnunda keşp döretmeklik ynanyldy.

Men metbugatdan Gruziýadan hem-de Sankt-Peterburg şäherinden öňki A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna wekilleriň gelip, türkmen oglan-gyzlaryndan höweseklerini okuwa alýandyklary baradaky bildirişi okadym.Derrew gerekli resminamalarymy tabşyryp, iki ýurduň wekilleriniň öňünde hem synagdan geçdim.

Meniň höwesim Sankt-Peterburgda okamakdy. Ýöne Gruziýadan gelen belli režissýor Rem Dawydowiç Şaptoşwiliniň yhlasy bilen men Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky teatr institutynyň drama we kino aktýory bölüminiň talyby bolup okap başladym.

Muňa kakam bilen ejemem göwnemän durmadylar.Okuwymyň dowamynda 3 sany sahna oýnuny sahnalaşdyrdylar.Maňa bolsa Doktor Aýbolit atly erteki oýnunda 3 sany keşbi, ýagny garlawajyň, maýmynyň, doňuzyň keşplerini döretmegi ynandylar.

Biziň bu oýnumyz ýokary baha mynasyp boldy. Ýene-de maňa Göýdük atly sahna oýnunda aýal maşgalaň keşbini, şeýle-de Romeo we Juletta sahna oýnunda bolsa Julettanyň enekesiniň keşbini döretmegi ynandylar. 1986-njy ýylda ýokary okuwy tamamlap, öňki Ýaş tomaşaçylar häzirki Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaş artist hökmünde işläp başladym.

Häzirki güne çenli hem işläp gelýärin.

Mamagül, teatryň sahnasynda döreden keşpleriňiz barada-da gürrüň beräýseňiz?

Ýokary okuw mekdebini tamamlap gelenimizden soň toparymyz bolup, talyp wagtymyz taýýarlan Doktor Aýbolit atly sahna oýnumyzy türkmen tomaşaçylarymyza hödürledik. Şondan soň çykyş eden spektakllarymyň esasylaryny agzap geçeýin.Olardan 30-njy ýyllar, Suwulgan, Täsin söýgi, Yşkyň gämisi kenarda, Hindi rowaýaty, Gyzaryp ýaşan şapak, Oýun bir, maza iki, Eserler, Jemal, Jelaletdin, Garagumuň bürgütleri, Iki anekdot, Täze maşgala, Aşyk Peýker, Bir bakyşda söýen ýarym, Gabanjaň gelin, Tort, Galkynan göwünler, Döwletli döwran geldi, Awazada asal aýy, Halas ediň, Magtymguly Pyragy, Ak ýigit we zümerret, Goja çynar, Elwan ýaglykly serwim, Alty gelin ýaly spektakllarda häsiýetleri boýunça düýbünden biri-birine meňzemeýän keşpleri döretdim.

Mamagül, söhbetdeşligimiziň dowamynda kino sungatynda döreden keşpleriňi hem ýatlap geçäýseňiz?

Meniň kino sungatynda döreden ilkinji keşbim 1986-1987-nji ýyllarda Türkmenfilm kinostudiýasynda surata düşürilen Daş maňlaý atly çeper filmdäki baş keşbimdir. Şondan soň maňa Ýylanly ada filminde talyp gyzyň, Ülker filminde ejäniň, Umyt mukamy filminde Zybagözeliň, Ýerläp uçýan laçynlar filminde Türgeniň aýalynyň, Ömür kerweni atly köp seriýaly çeper filmde Oguldursun daýzanyň keşplerini döretmek miýesser etdi.

Mamagül, durmuşyňyzdaky iň ýatda galyjy pursatlary okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz?

Maňa 2011-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň dakylmagy, meniň sungata bolan höwesimi has-da joşdurdy. Şonuň ýaly-da, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. 2007-nji ýylda teatrymyzyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň pýesasy esasasynda Gabanjaň gelin atly gülküli sahna oýnuny sahnalaşdyranda eserdäki baş gahrymanyň, ýagny gabanjaň gelin Doýdugyň keşbini döretmegi maňa ynandy.

Bu eserdäki wakalar maşgala agzybirligi, är-aýalyň biri-birine bolan söýgüsi, maşgala binýadynyň berkligi barada bolup, haçan-da maşgalada agzybirlik bolanda ýetilmejek sepgidiň ýoklugy beýan edilýär.Doýdugyň keşbi meniň üçin iň söýgüli keşp bolup galdy.

Mamagül, maşgalaňda seniň ýoluňa eýerip, sungata köňül bereni barmy?

Ýanýoldaşym, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow hem meniň bilen bir teatrda işleýär. Spektakllaryň aglabasynda onuň bilen sahna bile çykýarys. Gabanjaň gelin sahna oýnunda-da adamymyň keşbini döretmegi Döwlete ynandylar. Döwlet bilen bir ogly ösdürip kemala getirdik. Ýöne oglumyz biziň kärimizi saýlamady, edebiýat, taryh, arheologiýa ugruny saýlady.

Mamagül, söhbetimiziň ahyrynda geljekki döredijilik maksatlaryň, arzuw-islegleriň barada hem aýdaýsaňyz?!

Men häzirki güne çenli teatryň sahnasynda diňe oňat häsiýetli keşpleri döredip geldim. Indi men häsiýeti boýunça agras keşpleri döretmegi maksat edinýärin. Pursatdan peýdalanyp, medeniýetimize we sungatymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

Söhbetdeş bolan

Akmyrat Hojaberdiýew,

kino sungatyny öwreniji.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Koja: "Gazadan üçünji ewakuasiýany amala aşyrarys" diýdi