Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary

Katar 2022-de çempionatyň 5-nji güni, ýagny 24-nji noýabrda (penşenbe güni) futbolyň iň esasy ýygyndylary meýdança çykýar.Neýmarly Braziliýa, Suaresli Urugwaý hem-de Ronaldoly Portugaliýa çempionatdaky ilkinji duşuşyklaryny geçirerler. 5-nji günde hem 4 duşuşyk oýnalyp, duşuşyklar adatça bolşy ýaly 15:00-da, 18:00-da, 21:00-de hem-de 00:00-da başlar.

Günüň ilkinji duşuşygynda “G” toparçada Şweýsariýa bilen Kameryn duşuşar. 15:00-da başlajak oýun Al Wakradaky “Al Janoub stadionynda oýnalar we oýna argentinaly Fakundo Tello eminlik eder. Bu olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.

Günüň 2-nji duşuşygynda “H” toparçada Dünýä Kubogynyň ilkinji çempiony Urugwaý bilen Aziýanyň güýçli wekili Günorta Koreýanyň ýygyndysy duşuşar. 18:00-da başlanjak oýunda fransiýaly Klemen Turpen jürlewük çalar. “Education City” stadionynda oýnaljak duşuşyk iki ýygyndynyň arasyndaky 9-njy duşuşyk bolar.

Toparlar mundan 8 gezek duşuşyp, şolarda Urugwaý 6, Günorta Koreýa 1 gezek ýeňiş gazandy (1 deňlik, 13-6 gollar).Iki topar Dünýä Kubogynyň çäginde 3-nji gezek duşuşyp, mundan öňki 2 oýunda 1990-njy ýylda 1-0, 2010-njy ýylda 2-1 hasabynda Urugwaý üstün çykypdy.

Günüň 3-nji duşuşygynda “H” toparçada super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň ýygyndysy Portugaliýa bilen Gananyň ýygyndysy özara güýç synanyşar. “Stadium 974” stadionynda sagat 21:00-da başlanjak oýnuň emini amerikaly Ismail Elfath bolar. Iki topar mundan ozal 1 gezek gabatlaşyp, Braziliýa 2014-de bir toparçada çykyş edipdiler. Şol duşuşykda-da portugallar 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Braziliýa-Serbiýa: 21-nji duşuşyk

Katar 2022-niň 5-nji gününi Dünýäniň 5 gezek çempiony, şu wagta çenli ähli çempionata gatnaşan Braziliýanyň ýygyndysy jemleýär. “G” toparçanyň çäginde 00:00-da başlanjak duşuşykda Braziliýa bilen Serbiýanyň ýygyndysy duşuşar. “Lusail Iconic” stadionynda oýnaljak oýna eýranly Alireza Fagani eminlik eder.

Braziliýa bilen Serbiýa 21-nji gezek duşuşarlar.Mundan öňki 20 oýunda Braziliýa 11, Serbiýa 2 gezek ýeňiş gazandy. 7 oýun deňlikde gutaryp, gollarda Braziliýa 39-25 öňde.Iki topar Dünýä Kubogynyň çäginde mundan öň 5 gezek duşuşdylar. 1930-njy ýylda şol wagtky Ýugoslawiýa Braziliýa 2-1 ýeňipdi. 1950-nji ýylda Braziliýa 2-0 ýeňýär. 1954-nji we 1974-nji ýyllardaky oýunlar deňlikde tamamlanýar (1-1, 0-0).

Iki topar 2018-nji ýylda-da, Russiýadaky çempionatda-da duşuşyp, Braziliýa 2-0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykypdy.

5-nji günüň duşuşyklary (24-nji noýabr, penşenbe):

15:00 Şweýsariýa Kamerun (“G”) “Al Janoub” Al Wakra

18:00 Urugwaý Günorta Koreýa (“H”) “Education City” Al Raýýan

21:00 Portugaliýa Gana (“H”) “Stadium 974” Doha

00:00 Braziliýa Serbiýa (“F”) “Lusail Iconic” Lusail

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk