Şwesiýada Nobel hepdeligi lukmançylyk pudagynda laureaty yglan etmek bilen açylar

Şwesiýada Nobel hepdeligi lukmançylyk pudagynda laureaty yglan etmek bilen açylar

Nobatdaky Nobel hepdesi duşenbe güni Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda baýragyň laureatyny yglan etmek bilen açylar. Ýakyn günlerde beýleki nominasiýalarda hem baýragyň ýeňijileri belli bolar diýip, TASS habar berýär.

Ýagny, 5-nji oktýabrda Nobel komitetiniň fizika, 6-njy oktýabrda himiýa, 7-nji oktýabrda edebiýat boýunça karary yglan ediler, 8-nji oktýabrda bolsa Osloda Parahatçylyk baýragynyň laureaty belli bolar. 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan esaslandyrylan Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi 11-nji oktýabrda kesgitleniler.

Alfred Nobel (1833-1896) özüniň wesýetnamasynda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça laureaty saýlamagy 1810-njy ýylda esaslandyrylan we häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly bilim we ylmy lukmançylyk merkezleriniň biri bolan Stokgolmdaky Karolinska institutyna tabşyrdy.

Onuň garamagynda döredilen Nobel komiteti öz gezeginde maslahat üçin hünärmenleri çagyrmak hukugyna eýe bolan bäş sany hemişelik agzadan ybarat.Dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti 31-nji ýanwarda tamamlandy, şondan soň olary gözden geçirmek işi başlandy.

Nobel komitetleri soňuna çenli baýraga dalaşgärler we olaryň dalaşgärligini hödürlänler barada hiç zat habar bermediler.

Ýene degişli makalalar

Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Nobel wesýetnama gol çekýär
Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy berildi
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy
Alfred Nobel halkara baýragy döretmek baradaky wesýetnama gol çekýär