Şweýsariýanyň Hökümeti berk bitaraplykdan ýüz öwürmekçi

Şweýsariýanyň Hökümeti berk bitaraplykdan ýüz öwürmekçi

Şweýsariýanyň Hökümeti ýurduň Konstitusiýasyna bitaraplygy berk berjaý etmek baradaky düzgüniň girizilmegine garşy çykdy. Hökümet şeýle-de Parlamente 2025-nji ýylda ählihalk sala salşyga goýuljak bu başlangyja garşy çykyş etmäge çagyrdy. Bu barada TASS habarlar gullugy ýazýar.

Hökümetiň bu barada Parlamente ýollan degişli hatynda berk bitaraplygyň Konstitusiýa girizilmeginiň Şweýsariýanyň bähbitlerine gulluk etmeýändigi bellenýär, çünki ol daşary syýasat meselelerinde ýurduň ygtyýarlylyklaryny çäklendirýär.

Öň bitaraplygy ählihalk sala salşygyna goýmak ugrunda başlangyç bilen ýurduň sagçykonserwator Şweýsar halk partiýasyna gol ýapýan Pro Suisse jemgyýetçilik guramasy çykyş edipdi. Bu pikiriň tarapdarlary harby bileleşiklere hem-de uruş alyp barýan döwletlere garşy BMG tarapyndan makullanmadyk çäklendirmelere goşulmazlyk barada düzgüni ýurduň Baş Kanunynda berkitmegi teklip edýärler.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi
Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär
Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi
Rus pulunyň hümmetiniň peselmegi Türkmenistanda walýutanyň gara bazar söwdasyny 'tolgundyrdy'
Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy