
Türkmenistanda mundan bir hepde gowrak ozal, 6-njy oktýabrda, “Aşgabat ýertitremesi” ady bilen taryha giren tebigy heläkçiligiň 72-nji ýyl dönümi boldy.
Her ýylyň 6-njy oktýabr güni Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär; onda watan hem-de ar-namys üçin gurban bolan şehitler, Jahan urşunda wepat bolan esgerler, hem-de Aşgabat heläkçiliginde aradan çykan adamlar hatyralanýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany 72 ýyl mundan ozal, 1948-nji ýylda 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gije Aşgabatda bolan ýertitreme baradaky maglumatlara gönükdirilýär we bu heläkçilik barada şu wagta çenli jemgyýetçilige äşgär edilen hem-de edilmeýän maglumatlar dogrusynda türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.
II Jahan urşunyň tamamlanmagyndan üç ýyl soň, heniz jemgyýet uruşda aldyran gerçekleriniň ýasyndan açylyp-açylmanka Aşgabadyň eteginde tebigy heläkçilik boldy.
“Aşgabat ýertitremesi” baradaky jemgyýetçilige äşgär maglumatlar
Milletiň başyna inýän umumy heläkçilikler halk hakydasyna, jemgyýetiň aňyna nähili täsir edýär? Heläkçilik jemgyýeti jebisleşdirýärmi?
“Aşgabat ýertitremesinden” sapak alyp, Türkmenistanda häkimiýetler ýertitremelere, tebigy heläkçiliklere garşy, ýagny olaryň ýetirmegi ahmal zyýanyny minimuma düşürmek üçin nähili çäreleri görýärler?
Gepleşigi aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz!