Syýahatçylaryň sany pandemiýadan ozalky ýagdaýa golaýlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (BSG) 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda halkara syýahatçylaryň sanynyň “Covid-19” pandemiýasyndan (2019-njy ýyl) öňki ýagdaýyň 84 göterimine ýetendigini mälim etdi.

Dolandyryş edarasy Ispaniýanyň paýtagty Madridde ýerleşýän BSG şu ýylyň ýedi aýynda dünýäde jemi 700 million adamyň daşary ýurtlara syýahat edendigini, bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 43 göterim ýokarydygyny mälim etdi.

Ýedi aýlyk döwürde iýul aýynda has köp ösüş gazanylandygy bellenildi. Bir aýyň dowamynda 145 million adam syýahat edip, bu görkezijiniň ýylyň başyndan bäri syýahat edenleriň 20 göterimidigi habar berildi.

Maglumatlara görä, dünýäde iň köp daşary ýurtly myhman Ýewropa ýurtlaryna barypdyr. Bu ýere sebit ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň raýatlary has köp barypdyr. Şeýlelikde, syýahatçylaryň sany pandemiýadan ozalky döwürdäkiniň 91 göterimine ýetipdir.

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna baran syýahatçylaryň sany bolsa, pandemiýadan ozalky döwürdäkiden 20 göterim geçipdir. Syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy Zurab Pololikaşwili taýýarlanan maglumatlaryň syýahatçylygyň dünýäniň ähli ýerinde näderejede güýçli ýagdaýda dikelýändigini ýene bir gezek görkezendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Hemmelere elýeterli ulag bolar
Ukrainada Häzire Çenli 21 Žurnalist Ýogaldy
Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk ewakuasiýa tapgyry barada beýanat berdi
Wereşçuk Düýn Çaknyşyk Zolaklaryndan 3,800 Adamyň Ewakuwasiýa Edilendigini Aýtdy