Syýahatçylaryň saýlan iň oňat şäherleri

Gonkong, Bangkok (Tailand) hem-de London (Beýik Britaniýa) syýahatçylaryň saýlan iň meşhur şäherleri boldy.Bu babatda “Euromonitor International” seljerme kompaniýasy habar berdi.Gonkong 30 million, Bangkok 22,5 million, London bolsa, 20 milliona golaý syýahatçy kabul etdi. Şonuň üçin bu şäherler syýahatçylaryň saýlamagyna görä, iň meşhur şäherler hökmünde kabul edildi.

Mundan başga-da, sanawda Hytaýyň Makao, Singapur, Fransiýanyň Pariž, BAE-niň Dubaý, ABŞ-nyň Nýu-Ýork, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherleri bar.Çžuhaý-Makao-Gonkong köprüsiniň ulanmaga berilmegi hem-de ýokary tizlikli demir ýol gatnawynyň ýola goýulmagy bilen Gonkonga bolan gyzyklanma has-da artdy.Ýewropa sanawynda London we Pariž şäherlerinden soňra, üçünji orny Stambul eýeledi.

Türkiýäniň bu iri şäheri Ýewropanyň Rim, Praga, Amsterdam, Berselona, Milan we Wena ýaly şäherlerinden öňe saýlandy.Stambul takmynan 12 million jahankeşde kabul etdi.Russiýanyň paýtagty bu sanawda 46-njy orunda durýar.

Moskwa 5,4 million, Newa derýasynyň boýundaky Sankt-Peterburg bolsa 4 milliona golaý daşary ýurtly myhman kabul etdi.

Handurdy MUHAMOW,Gazojak şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
04.07.2019 | Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýaşaýjylary türkmen jigitleriniň sungaty bilen tanyşýarlar
17.02.2019 | Hormatly Prezidentimiziň bedewi — Galkynyş toparyna sowgat
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
03.10.2018 | ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär