Syýahatçylygyň ösen şäherleri

Bazar barlaglaryny geçirýän Euromonitor International kompaniýasy syýahatçylyk taýdan ösen şäherler babatda maglumat taýýarlady.Top 100 City Destinations Index 2025 atly maglumatda Pariž syýahatçylaryň iň ýokary baha beren şäheri bolupdyr.

Fransiýanyň paýtagty syýahatçylyk infrastrukturasy, durnuklylyk, howpsuzlyk we ykdysady görkezijiler babatda myhmanlarynyň göwnünden turupdyr.Jemi 100 şäheriň girizilen sanawynda Madrid (Ispaniýa), Tokio (Ýaponiýa), Rim (Italiýa) we Milan (Italiýa) ilkinji bäşlige giripdir.

Altynjy ýeri Nýu-Ýork, ýedinji orny Amsterdam eýeläpdir.Ispaniýanyň kenarýaka şäheri Barselona iki basgançak ýokary galyp, sekizinji bolupdyr.Ilkinji onlugy degişlilikde, Aziýadan Singapur bilen Seul jemläpdir.

Maglumatda geçen ýyl iň köp daşary ýurtly syýahatçy kabul eden şäherleriň sanawy hem berlipdir.Bu sanawda 30,3 million myhman kabul eden Bangkok öňdeligi eýeleýär.Deňiz kenarynda ýerleşýän Tailandyň paýtagty tebigy gözellikleri bilen köpleri özüne çekýär.

Gonkong (23,2 million), London (22,7 million), Makao (20,4 million) we Stambul (19,7 million) ilkinji bäşlikde özüne orun tapypdyr.Dubaý (19,5 million), Mekge (18,7 million), Antalýa (18,6 million), Pariž (18,3 million) we Kuala-Lumpur (17,3 million) ilkinji onluga giripdir.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň has ösen innowasion banklary
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Arkadagyň ýasama ykdysady we syýasy paýhaslylygy
Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar
Türkmenistan myhmansöýerlik reýtinginde iň soňky orny aldy
Aragatnaşyk ministrine käýinç berlenden soň “Türkmentelekom” wagtlaýyn internetiň nyrhlaryny arzanlatdy