Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, şu ýylyň 31-nji iýulynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Seýit Jemaleddin orta asyr binagärlik toplumyna, Köne Nusaý galasyna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy.
Syýahatçylyk gezelenjine Medeniýet we syýahat žurnalynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler.
