Täç geýdiriliş dabarasy guralar

Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III-iň tagta geçmegi ýurtda üç günlük dabaralar bilen utgaşyp, 6-8-nji maý aralygynda dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda uly konsert guralar. Bu barada Bukingem köşgi habar berýär.

“Bukingem köşgi 2023-nji ýylyň 6-njy maýyndan 8-nji maýyna çenli aralykda geçiriljek dabaraly, baýramçylyk we jemgyýetçilik çäreleri barada goşmaça maglumatlary mälim etmekden hoşal” diýlip, köşgüň web saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 6-njy maýda Westminster Abbatlygynda Korol Karl III-iň we şanyň aýaly-konsort Kamilanyň täç geýdiriliş dabarasy bolar. Olar täç geýdirilenden soň, Bukingem köşgüne gaýdyp gelip, şa maşgalasynyň beýleki agzalary bilen birlikde Korol Karl III we şa aýaly-konsort Kamilla balkondan ýurduň raýatlaryny mübäreklärler.

Bukingem köşgüniň habaryna görä, 7-nji maýda Windsor galasynda dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsert guralar. Bellenilişi ýaly, konsertde meşhur orkestrler çykyş eder. 7-nji maýda agşam Beýik Britaniýanyň esasy gözel ýeri dürli yşyklar bilen bezeler. Şol gün giň gerimli günortanlyk nahary meýilleşdirilip, ýurduň ýaşaýjylary bir ýere jemlenip, Korolyň tagta çykmagyny öýünde we köçelerde bellärler.

Bukingem köşgüniň habarynda bellenişi ýaly, 8-nji maýda sebitleri abadanlaşdyrmak maksady bilen meýletin çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdy 70 ýyldan gowrak dolandyran Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Şotlandiýada 96 ýaşynda aradan çykdy. Şazada Çarlz bolsa, Karl III adyny alyp Korol boldy, onuň aýaly Kamilla şa aýaly-konsort derejesine eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Beýik Britaniýanyň Koroly 4 gün dowam etjek Keniýa saparyna başlady
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
3 muzeý, 3 şäher