Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy

Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Täjigistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow Täjigistanyň Hatlon sebitiniň başlygy Dawlatali Said bilen 3-nji maýda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda köp asyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki derejesi, strategik hyzmatdaşlygyň baý mümkinçilikleri, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamynda bilelikde alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy.

Hatlon sebitiniň başlygy türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Dusti etrabynda orta mekdebiň gurulýandygy üçin, Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Häzirki wagtda Dusti etrabynda köp sanly türkmenler ýaşaýar. Ol ýerde türkmen mekdepleri hereket edýär.

Täze mekdep 540 orunluk bolup, iki gatdan ybaratdyr. Mekdebiň ulanylmaga berilmegi bilen, iki ýurduň arasyndaky medeni, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmäge täze mümkinçilikler açylar. Desganyň taslamasy düzülende geçiljek okuw sapaklaryny häzirki zaman ülňüleri esasynda alyp barmak üçin tehniki serişdeler hem göz öňünde tutulypdyr.

Ilçi mekdebiň gurluşygynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berip, gurluşyk işleriniň çalt depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we desganyň sentýabr aýyna çenli işe girizilmeginiň mümkindigini habar berdi. Şonuň üçin hem geljekde mekdebi kabul edip almak üçin, ýörite topary döretmek meselesine hem-de mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyşyna taýýarlyk görmek boýunça täjik tarapynyň häzirki wagtdan girişmegi haýyş edildi.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Hatlon welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary we geljegi barada hem özara pikir alyşdylar, şeýle-de Hatlon welaýaty bilen Mary welaýatynyň arasynda bar bolan ylalaşygyň çäginde göz öňünde tutulan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde amal edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtap geçdiler.

Häkim öz gezeginde, dostlugyň mizemezliginiň nyşany bolan bu mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyşygyny geçirmek üçin, ähli ýardamlary bermäge taýýardygyny we kabul ediş toparyny döretmek barada hem welaýatyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna tabşyryk berjekdigini aýtdy. Ol bu taryhy taslamanyň durmuşa geçirilýändigi üçin, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda, ilçi häkime Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby bilen tanyşdyryp, oňa kitaby sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk
Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar
Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär
Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?
16.10.2018 | Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi
Dusti şäherçesinde ýaşaýan türkmenler ýurdumyzyň döredijilik wekilýetini mähirli kabul etdiler