Täjigistanda Şanama poemasy her bir maşgala sowgat berler

Täjigistanda Şanama poemasy her bir maşgala sowgat berler

Täjigistanda Şanama poemasynyň nusgasyny her bir maşgala sowgat alar. Bu barada ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon görkezme berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Şanama mundan 4 müň ýyl öň ýazylypdyr. Onda 55 müň ikileme bar, bu dünýäde bir awtor tarapyndan ýazylan iň uly poemadyr. Poemanyň möçberi Iliada we Odisseý poemalaryny bilelikde alanyňda, iki esse uludyr.

Täjik halky öz taryhyny we medeniýetini bilmelidir, Şanama bu babatda bahasy baýlykdyr. Ony her bir maşgala sowgat bermek pikiri ajaýyp başlangyçdyr, bu halkymyzyň taryhy edebiýata gyzyklanmasyny artdyrar diýip, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gündogar golýazmalary bölüminiň müdiriniň orunbasary Azizoda Saidakbar gürrüň berýär.

Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri we ylmy-barlag institutlaryň işgärleri poemanyň täze nusgasynyň üstünde işleýärler, onuň ülňüsini hem-de her bir maşgala sowgat bermek üçin näçe nusgalykda gerekdigini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi dikiler
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy