Täjigistanda telewideniýe gününi bellediler

Täjigistanda telewideniýe gününi bellediler

Täjigistanda 65 ýyl mundan öň ilkinji telegepleşik ýaýlyma goýberildi. Bu uly üstünlikdi, şol wagt Täjigistan telewideniýesinde 50 adam işleýärdi, bu gün işgärleriň sany alty esse köpeldi. Häzirki wagtda ýurduň döwlet Baştutany Emomali Rahmonyň tagallasy bilen, ýurtda 10-dan gowrak teleýaýlym bar diýip, MIR 24 ýazýar.

Mundan 65 ýyl öň ak-gara şekilleriň reňkli we sanly boljakdygy barada pikirem edip bilmeýärdiler. Filmleri daglyk etraplaryň jümmüşinde görmek mümkin bolar diýip, hiç kimiň kellesine-de gelmeýärdi. Şol wagt rus we täjik dillerinde üç minutlyk habarlar ýaýlyma berilýärdi.

Häzir täjik telewideniýesiniň habarlar gepleşikleri täjik, rus, özbek we iňlis dillerinde berilýär. Kähalatda arap dilinde hem habarlar ýaýlyma berilýär diýip, ýaýlymyň habarlar gepleşikleriniň baş redaktory Zumrad Foýziýewa gürrüň berýär.

1990-njy ýyllarda täjik telewideniýesi ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýärdi. Bu gün onuň işi watançylygy terbiýelemäge, milli gymmatlyklary goramaga we dünýä meýdançalaryna çykmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi
PAÝTAGTYMYZDA DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMY BAŞLANDY