Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar

Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi atly tegelek stoluň başyndaky halkara maslahat geçirildi.

Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşenbä saparynyň çäklerinde geçirilýär diýlip, News Central Asia habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, ozal maý aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirilipdi. Täjik elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, bu sapar we onuň çäklerinde meýilleşdirilen bilelikdäki çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly yza süýşürildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda öňki prezidentiň ene-atasynyň ýasyna taýýarlyk görülýär. Ýaşulular paýtagta ugradylýar
Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler
Türkmen žurnalistleri gadymy Efes şäheriniň medeni mirasyny öwrenýärler
Hindistanyň Harby-howa güýçleriniň çykyşynda 5 adam ýogaldy
Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar