Täjik diplomaty Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Täjik diplomaty Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

30-njy martda Türkmendemirýollary agentliginiň edara binasynda agentligiň başlygy Azat Atamyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmendemirýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda taraplar demirýol ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak we bäsleşige ukyply geçelgeleriň işlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Täjigistan Respublikasynyň iri import we eksport edýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky infrastrukturalar, ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin Täjigistan Respublikasynyň demirýolçularyndan başga-da, logistiki kompaniýalary we önüm öndürijileri Aşgabat şäherine çagyrdy.

Häzirki wagtda CASCA + diýlip atlandyrylýan we Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary Hytaý Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan Azerbaýjan Gruziýa Türkiýe Ýewropa halkara multimodal geçelgesiniň çalt depginde ösýändigi bellenildi. Täjigistanly diplomat bu multimodal geçelgesi boýunça gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi we ýakyn wagtlarda agzalýan multimodal geçelgesi boýunça täjik demirýolçulary bilen geňeşip, netijesini agentlige ýetirjekdigi barada nygtady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçen ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilip, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky Ylalaşyga gol çekilipdi.

Bu resminama türkmen we täjik taraplarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär.

Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmekde has-da uly goşant goşjakdyklary hem-de sazlaşykly işleşjekdikleri barada aýratyn nygtap geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda täze eser sahnalaşdyryldy
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistan we Özbegistan Hytaýdan Ýewropa ýükleriň daşalmagyny ilerletmekçi
Türkmenistan we Özbegistan “Hojeýli - Köneürgenç” we “Şawat - Daşoguz” barlag nokatlarynyň işini dowam etdirýärler
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetýaka barlag nokatlarynyň işini dikeltmek meselesine seretdiler