Täjik ştangaçylary Dünýä çempionatyna gatnaşmaýar, sebäbi Türkmenistana wiza almadylar

Täjigistanly agyr atletikaçylar agyr atletika boçunça 1-nji noýabrda Aşgabatda başlanan Dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýärler, sebäbi olar türkmen wizasyny alyp bilmediler.Bu barada, Täjigistanyň Milli olimpiýa komitetine (MOK) salgylanyp, “Asia-Plus” neşiri habar berdi.

Çempionata gatnaşýanlaryň resmi sanawynda hem täjigistanly sportsmenl;eriň atlary görkezilmeýär.

Ştangaçylar näme sebäpden wiza alyp bilmediler Türkmenistan olara gelkmäge rugsat bermedimi ýa-da Täjigistanyň agyr atletika foýujnça Federasiýasy wagtynda dokumentlerini tabşyrmady, MOK-yň wekilleri anyklaşdyrmadylar.

Ýene degişli makalalar