Tämiz Haly kompaniýasynyň haly, mebel we beýleki öý goşlaryny arasslaýyş hyzmaty — öýüň rahatlygynyň girewi

Tämiz Haly kompaniýasynyň haly, mebel we beýleki öý goşlaryny arasslaýyş hyzmaty — öýüň rahatlygynyň girewi

Tämiz Haly kompaniýasy Aşgabat şäheriniň hem-de oňa ýakyn ýerleşen ýerleriň ýaşaýjylaryna halylary we dürli hili öý goşlaryny ýokary hilli ýuwup bermek hyzmatlaryny ýetirýär.

Kompaniýa tarapyndan ulanylýan hünär enjamlary maşyn we elde dokalan islendik görnüşli halylary düýpli ýuwmaga mümkinçilik berýär. Halylar diňe bir meneklerden, öý haýwanlarynyň tüýlerinden we tozanlardan arassalanman, eýsem arassalaýyş işleri halylaryň reňkdarlygyny açýar, olara ýakymly ys berýär. Ýuwlanyndan soň, halylar gowy arassalanýar hem-de guradylýar.

Şeýle hem kompaniýa perdeleri, sintepon we ýumşak ýorganlary, düşekleri, žalýuzleri we lýustralary ýuwup berýär, ýumşak mebelleri, düşekleri, çaga kolýaskalaryny hem-de ýumşak oýunjaklary arassalaýar. Bu zatlaryň ählisi wagtyň geçmegi bilen diňe bir dürli hapalary däl-de, eýsem allergenleri hem ýygnaýar, şeýle-de ýakymsyz yslary hem özüne siňdirip bilýär. Olary öý şertlerinde dolulygyna, gowy edip arassalamak örän kyn bolýar.

Tämiz Haly kompaniýasy halylary, mebel önümlerini we beýleki degişli zatlary ýuwmak hyzmaty bilen 2012-nji ýyldan meşgullanyp, häzire çenli bu ugurda baý tejribe toplady, köp sanly müşderileriň ynamyny gazandy. Kompaniýa işinde diňe howpsuz we ekologik taýdan arassa ýuwujy serişdeleri ulanýar.

Tämiz Halynyň müşderilerine oňaýly hyzmaty hödürleýändigini bellemek bolar: işgärler hyzmatdan peýdalamak isleýän müşderileriň öýüne baryp ýuwmaly goşlary alyp gaýdýarlar we arassalanandan soň yzyna eltip berýärler.

Kompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (+993 65) 66 92 66, (+993 65) 66 90 96 hem-de (+993 12) 37 43 11.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Jülge köçesiniň 2-nji kilometrligi.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

21.03.2018 | Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy
28.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy
Türkmenistanda Welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin weloýöriş geçirildi