Täze akademiýanyň baýragy

Şwesiýada Nobeliň edebiýat boýunça alternatiw baýragyna asly gwadelupaly fransuz zenan ýazyjysy Maris Konde mynasyp boldy.Ol birnäçe meşhur romanlaryň, şol sanda, “Men Tituba, Salemanyň gara aýjyny” (1986), “Segu” (1987), “Beýiklik” (1998) we beýleki eserleriň awtorydyr.

Täze akademiýanyň baýragy ýazyja däp-dessurlara, medeni mirasa we kolonializm döwrüne içgin aralaşanlygy üçin gowşuryldy.Baýraga Maris Kondeden başga ýene-de iki finalçy iňlis ýazyjysy Nil Geýman we kanada-wýetnam ýazyjysy Kim Thui saýlandy. Ýapon ýazyjysy Haruki Murakami hem finalçylaryň arasyndady, ýöne ol bu baýragy almakdan ýüz dönderdi.Edebiýat boýunça alternatiw Nobel baýragy Şwesiýanyň medeniýet işgärleri tarapyndan esasy baýragyň ornuna esaslandyryldy.

Onuň baýrak gaznasy 1 million krona (112 müň dollar) barabar. Şeýlelikde, Nobeliň alternatiw finalçylaryny Täze akademiýa girýän 100-den gowrak žurnalist, ýazyjy, aktýor we beýleki medeniýet işgärleri açyk ses bermek arkaly saýladylar.

Alternatiw baýraga jemi 47 sany tanymal awtor hödürlenip, olaryň arasyndan diňe finala dördüsi saýlanyp alyndy.Ozal habar berlişi ýaly, şu ýyl 2018-nji ýyl üçin Nobeliň edebiýat boýunça baýragy käbir sebäplere görä berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Russiýada Gabriel Garsiýa Markesiň soňky romany neşir edildi
Murakami ýene-de öňde
Ýogurt
Mir24 Arkadag şäherine aýratyn rubrikany bagyşlady, Türkmenistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan sport festiwaly geçirildi, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistan milli ýygyndysynyň bäsdeşleri kesgitlenildi we beýleki habarlar
ABŞ-da Hemingueýiň Günleri bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy