Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär

Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär

Türkmen mobil goşundy işläp taýýarlaýjylary we Ajaýyp Tilsimatlar programma üpjünçilik kompaniýasy hususy we işewürlik bildirişlerini ýerleşdirmäge niýetlenen Aýterek internet-meýdançasyny döretdiler.

Aýterek goşundysy — bu özboluşly klassifaýd bolup, ondan egin-eşikler we aýakgaplar, hojalyk tehnikalary, elektronika, öý harytlary, sport ýa-da hobbi bilen meşgullanmak üçin harytlar, gurluşyk materiallary ýaly hojalyga gerekli bolan zatlaryň satuwy baradaky müňlerçe bildirişleri tapmak bolýar. Şeýle-de bu ýerde ulagyň we gozgalmaýan emlägiň satuwy, iş, hyzmatlar bilen bagly bölümler bar.

Kataloglaryň gurluşynyň 3-4 derejede işlenip taýýarlanylmagy netijesinde, goşundyda bildirişleri gözlemek hiç hili kynçylyk döretmeýär.Her aýry-aýry bölümiň içinde harytlar goşmaça içki bölümçelere bölünen. Şeýle-de gözleg işini tizleşdirmek üçin goşundyda filtrlemegiň giňeldilen ulgamy bolup, ony her bölüme girip tapmak bolýar.

Mysal üçin, Kwartiralar bölüminde öýi aşhanasynyň meýdanyna, otaglarynyň sanyna, balkonyna, mebellerine, remont derejesine görä saýlap, ýerleşýän gatyny görkezip we ş.m aýratynlyklaryna laýyklykda filtrläp bolýar.

Aýterek mobil goşundysynda ýörite telekeçiler üçin niýetlenip Dükanlar bölümi döredilen.Ol bolsa şahsy işewürlik-hasabyny açmaga mümkinçilik berýär.Bu ýerde wirtual tekjäni döredip, banner goşup, habarlaşmaklary üçin öz salgylaryňy hem-de işewürlik üçin zerur bolan ähli maglumatlary ýerleşdirip bolýar.

Ulanyjy ýa-da telekeçi şeýle hem öz halan islendik dükanyna ýazylyp, täze ýerleşdirilýän harytlar barada dessine habarnama alyp bilýär, harytlary saýlanan bukja goşan ýagdaýynda bolsa, ulanyja şol haryt arzanladylan mahaly habarnama geler.

Bulardan başga-da, Aýterek meýdançasy ulanyjylara ol ýa-da beýleki bildirişiň awtory bilen, ýa-da bildirişi goýanyň harydyny saýlanan bukja ýerleşdiren ulanyjy bilen hat ýazyşmagy üçin mümkinçilik döredýär.

Programmany işläp düzüjiler uzagyndan platformanyň funksiýalaryny giňeltmegi meýilleşdirip, şahsy otag, işiňi ilerletmek hyzmatlary, kompýuter nazary (foto faýllary tanamak esasynda şoňa meňzeş zatlary hödürlemek), geplemek arkaly maglumat girizmek, akylly messenjer we beýleki funksiýalary goşmagy göz öňüne tutýarlar.

Aýterek mobil goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. Şeýle-de goşundynyň ähli funksiýalary ayterek.com.tm web görnüşinde elýeterlidir.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgisi: (+993 61) 44 22 83.

Elektron poçta salgysy: ayterek@ajayyptilsimatlar.com.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi
Aýterek goşundysynda satyň, kärendesine alyň, satyn alyň we ýöne özara habarlaşyň
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Türkmenistanyň ýaşaýjylary Çapar ykjam programmasy arkaly ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlap we töläp bilerler