Täze gurluşyklar — Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge we Wekilbazar etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.Dabaralara Mejlisiň Başlygy, welaýat we etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäherleriň hem-de etraplaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzda her ýyl has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçe inedördül metri, häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş, bilim edaralary, stadionlar, sport mekdepleri, medeniýet öýleri we beýleki durmuş maksatly desgalar ulanmaga berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlaryny, şäherçeleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Maksatnamanyň bu möhüm durmuş ugry milli Liderimiziň mähriban halkymyz baradaky bimöçber aladasynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagy hakynda edýän tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.Geljekki täze gurluşyklaryň baýramçylyk lybasyna beslenen çäginde ak öýler dikildi, dürli önümleriň, hususan-da, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Döredijilik toparlary — tans toparlary, estrada aýdymçylary, sazandalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri ruhubelentlik bilen wasp etdiler.Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginde täze şäherçäniň düýbi Mary — Türkmenabat ýolunyň günorta tarapynda tutuldy.

Umumy meýdany 110 gektara barabar bolan şäherçede geňeşligiň edara binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükany, toý mekany, çörek we çörek önümlerini çykarýan kärhana, bazar hem-de hyzmat ediş öýi göz öňünde tutuldy. Şäherçede 570 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly jaýlar gurlar.

Aşgabat — Mary ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşen Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer geňeşliginiň täze şäherçesiniň meýdany 150 gektara barabar bolar.Bu ýerde 784 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, geňeşligiň binasy, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, dükanlar we beýleki düzümleýin desgalar gurlar.

Wekilbazar etrabynyň Üçdepe obasynda düýbi tutulan, meýdany 100 gektara barabar bolan täze şäherçe Mary — Türkmenabat ýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşer.Taslama laýyklykda, bu ýerde geňeşligiň binasy, 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk merkezi, azyk harytlary dükanlary, bazar, çörek bişirilýän kärhana, 500 hojalyga niýetlenen üç we dört otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Täze şäherçeleriň düzümleýin desgalarynyň ählisine daşky we içerki suw geçiriji ulgamlar, lagym, elektrik we gaz geçiriji hem-de kommunikasiýa ulgamlary çekiler.Welaýatyň merkezinde — Mary şäherinde hem täze ýaşaýyş toplumlarynyň düýbüni tutmak boýunça dabaralar geçirildi.

Bu ýerde Baýramhan köçesiniň ugrunda 68 we 48, şeýle hem 24 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy peýda bolar.Olar 656 hojalyga niýetlenendir.Topluma çagalar meýdançalarynyň 6-sy hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen binalar girer, ýaşyl zolaklar dörediler.

Mundan başga-da, Baýramhan köçesiniň ugrunda 500 orunlyk mekdep gurlar.Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda 102 we 119 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si, awtoduralga, çagalar we sport meýdançalary meýilleşdirilýär.

Magtymguly köçesiniň ugrunda ýanaşyk ýeri abadanlaşdyrylan 114 öýli, ýedi gatly ýaşaýyş jaýy gurlar.Baýramaly şäherinde hem umumy meýdany 25,3 gektara barabar bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga bermek boýunça dabara geçirildi. Şäheriň merkezinde, Oguzhan köçesiniň ugrunda 32 we 40 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 41-si gurlar.

Topluma söwda merkezleriniň 4-si, sport we çagalar meýdançalary, 160 orunlyk çagalar bagy girer.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan gurluşygyň giň gerimi türkmen halkynyň döredijilikli zähmetiniň hem-de eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanydyr.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet adam üçindir!diýen şygarda öz beýanyny tapan syýasy ugrunyň üstünlige eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Şähergurluşyk syýasatynyň toplumlaýyn konsepsiýasy iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu syýasat öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, tutanýerli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Eşretli durmuşyň höziri
Marynyň iň gatnawly köçeleriniň biriniň wagtlaýyn ýapylmagy, ulag dyknyşyklaryna getirýär
Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
13.02.2018 | Olimpiýa şäherjiginde boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
14.02.2018 | Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýarym finalçylary belldi boldy