Täze Hummer edinmek üçin indi 17 ýyllap nobata durmaly bolar

Täze Hummer edinmek üçin indi 17 ýyllap nobata durmaly bolar

Täze GMC Hummer EV wnedorožnigini edinmek üçin häzirki wagtda 17 ýyl töweregi nobata durmaly: Wall Street Jounal neşiriniň habar bermegine görä, önümçiliginiň häzirki göwrüminde ähli alnan sargytlary ýerine ýetirmek üçin, GM konsenine hut şonça ýyl gerek bolar.

2022-nji ýylyň iýulyndaky ýagdaýa görä, GM-nyň dilerleri Hummer EV üçin 77 müň sargyt aldylar, emma kompaniýa welin, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 12 awtoulag goýberýär, görnüşi ýaly, bu islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl. Önümçiligiň göwrüminiň şeýle ujypsyzlygy bu ulag üçin niýetlenen elektron şaý toplumlarynyň we akkumulýatorlaryň ýetmezçiligi bilen baglydyr (Hummer EV-e LG-iň işläp taýýarlan batareýalary goýulýar).

Gaýtadan dikeldilen "Hummeriň" ilkinji görkezilişiniň 2021-nji ýylda geçendigini, üstesine, täze modeliň elektromobil hasaplanýandygyny ýatlalyň.Onuň top wersiýasy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan üç hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.

Akkumulýatorlary bir gezek berlen zarýad bilen 550 km töweregi ýol geçip bilýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar
Hytaý önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi
Google täze flagman smartfonlary we ilkinji akylly sagatlary bilen tanyşdyrdy
Ilon Mask Ýanan saçlar atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy