Täze iPhone 14 birbada birnäçe ýurtda öndüriler

Täze iPhone 14 birbada birnäçe ýurtda öndüriler

Apple-iň esasy hyzmatdaşy bolan Foxconn kompaniýasynyň ýeke bir Hytaýda däl, eýsem, Braziliýada we Hindistanda hem iPhone öndürýän önümçilik bölümleri bar. Emma öň onuň täze model öndürýän esasy önümçilikleriniň ählisi Hytaýda jemlenýärdi. Indi ýagdaý üýtgedi. Insaýder Ming-Çi Kuo Apple-iň iPhone 14-i hem Hindistanda, hem Hytaýda deňine öndürip başlajakdygyny gürrüň berdi.

Kuonyň belleýşi ýaly, adaty ýagdaýlarda Hytaýyň çäginden daşarda täze iPhone-nyň önümçiligini ýola goýmak üçin adatça birnäçe aý gerek bolýar.Mysal üçin, şol ady agzalan Foxconn şu ýylyň aprel aýynda Hindistanda iPhone 13-i ýygnamaga başlady, şol bir wagtda onuň Braziliýadaky önümçiligi birnäçe hepdeden soň ýola goýuldy.

Emma agzalan ýagdaýda şeýle usul bilen hytaý iPhone-larynyň ýetmezçiliginiň üstüni ýetirmegi mümkin.

Ýene degişli makalalar

Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy
ABŞ-daky sil apatynda ýogalanlaryň sany 25 adama ýetdi
ABŞ Kongresiniň öňki wekili: Baýden dünýäni ýadro urşuna alyp barýar
103 ýaşynda paraşýutdan bökdi