Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar.

Dabarada edilen çykyşlarda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, şöhratly taryhymyza hormat-sarpasynyň täze derejä göterilýändigi, ýurdumyzda taryhy gymmatlyklarymyzyň şanyny äleme ýaýmak, olary aýawly saklap, geljekki nesillere miras galdyrmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu döwletli başlangyçlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesi bolan Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabynyň uly ähmiýete eýe boljakdygy buýsanç bilen bellenildi.

Dünýäniň ekerançylyk medeniýetiniň mekany bolan Änew şäheriniň gadymylygyndan, beýikliginden, häzirki wagtda ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak babatda durmuşa geçirilýän iri möçberli işlerden söz açýan täze kitap bütin halkymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň buýsanjyny artdyrdy. Bu kitap merdana Watan goragçylary, şeýle hem agzybir türkmen halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr.

Watançy kalplary täze esere bolan çäksiz söýgüden galkynan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetiren Watanymyzy, asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän çykyşlary tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy